Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň orunbasary Öwezgeldi Kakalyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji maslahatynyň çäginde geçirilen ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

104-nji plenar mejlisinde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy milli beýannama bilen çykyş edip, ýollarda howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Hasabatda ulag infrastrukturasynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy, awtoulag akymlaryny dolandyrmagyň sanly tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, şeýle hem tejribe alyşmak we ýol-ulag hadysalarynyň derejesini peseltmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi boýunça çäreler beýan edildi. Mejlisiň jemleri boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2030-njy ýyla çenli ýol-ulag hadysalarynda heläk bolanlaryň we ejir çekenleriň sanyny iň azyndan 50% azaltmak maksadyny tassyklaýan Kararnamasy kabul etdi.


Yza

Şeýle hem okaň