Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 28-nji iýulynda Döwletli etrabynyň Dostluk şäheriniň
Türkmenistan köçesiniň 28-nji jaýynda ýerleşýän Döwletli etrabynyň zähmet we ilatyň iş
bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat 09:00-dan – 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Döwletli etrabynyň Dostluk şäheriniň
Türkmenistan köçesiniň 28-nji jaýy
Habarlaşmak üçin:
(800434) 4-07-38
Okamak