Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Tatarystanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 29-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýew bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Duşuşykda medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Şol bir wagtyň özünde, şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Tatar gyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly guramaçylyk meselelerine seredildi.

Bütindünýä Tatar kongresiniň Milli geňeşiniň başlygy, Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 28-nji iýulda dört günlük iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, myhmanlar Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerine baryp görerler.

Saparyň çäklerinde Tatarystanyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa we medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradalyýew bilen gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirilýär. Gepleşiklerde bilim, syýahatçylyk we taryhy-medeni mirasy gorap saklamak ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem myhmanlar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp görerler.

Tatarystanyň wekiliýeti 30-njy iýulda Türkmenbaşy şäherine baryp, şäheriň häkimi Nyýazjan Nyýazjanow bilen duşuşar hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň mümkinçilikleri bilen tanyşar. Tatarystanly hyzmatdaşlaryň Türkmenistana iş sapary 31-nji iýulda tamamlanar.


Yza

Şeýle hem okaň