Ahal welaýatynyň Ak bugdaý
etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi, 2026-njy ýylyň 18-nji awgustynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Watan köçesiniň 1-nji jaýynda ýerleşýän Ak
bugdaý etrap häkimliginiň edara binasynyň 1-nji gatynda ýerleşýän kiçi
mejlisler zalynda sagat 10:00-dan–12:00-a çenli boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek
ýeriniň salgysy:
Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Watan köçesiniň
1-nji jaýy
Habarlaşmak üçin:
(800137-36-7-14)