Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Garagum
etrabynyň Ýagty ýol şäherçesiniň Atabaýew köçesiniň 7-nji jaýynda
ýerleşýän Garagum etrap Bilim bölüminiň 23-nji orta mekdebiniň edara binasynda sagat
09:00-dan 11:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş
çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň
hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary
bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň
bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi
hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny
haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Garagum etrabynyň Ýagty ýol şäherçesiniň Atabaýew köçesiniň 7-nji jaýy;
Habarlaşmak üçin:
800557 4-02-36;
800557 4-02-37