Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutlady.
Gutlagda ýurtda amala aşyrylýan bilim ulgamyndaky maksatnamalar sanalyp geçilýär: «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy».
Bellenilişi ýaly, özgertmeleriň çäklerinde Aşgabatda we Arkadag şäherinde, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri gurulýar, okuw işine täzeçil usullar we sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şeýle-de ýurduň paýtagty Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigi görkezilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, uzak ömür we Garaşsyz, baky Bitarap döwletiň bilim binýadyny berkitmek işinde mundan beýläk-de rowaçlyklar arzuw etdi.