Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi, 2026-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Sarahs etrabynyň S.A.Nyýazow köçesiniň 41-nji jaýynda ýerleşýän zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde sagat 10:00-dan–12:00-a çenli boş iş
orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Sarahs etrabynyň S.A.Nyýazow köçesiniň 41-nji jaýy
Habarlaşmak üçin:
(800134-22-0-71)
Okamak