Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem şäheriň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi, 2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Tejen etrabynyň Magtymguly köçesiniň 35-nji jaýynda ýerleşýän zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat 10:00-dan–12:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

 

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:

Tejen etrabynyň Magtymguly köçesiniň 35-nji jaýy, Tejen etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasy

Habarlaşmak üçin:

 

800135-7-18-02.

 


Yza

Şeýle hem okaň