Lebap
welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Dänew etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň
28-nji oktýabrynda Dänew
etrabynyň H.Babakulyýew
köçesiniň 11-nji jaýynda ýerleşýän Parahat oba medeniýet öýüniň edara binasynda
sagat
10:00-dan – 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Parahat
geňeşliginiň H.Babakulyýew
köçesiniň 11-nji
jaýy, Parahat oba medeniýet öýüniň edara binasy.
Habarlaşmak üçin:
(800446) 3-19-49.