2025-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Burkina-Faso Respublikasynyň Daşary işler, sebit hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlardaky burkina-fasolu raýatlaryň işleri boýunça ministri jenap Karamoko Žan-Mari Traore arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Burkina-Fasonyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilişine ýokary baha berip, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Şeýle hem taraplar Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara we sebit derejesindäki köptaraplaýyn guramalaryň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň meselelerine seretdiler.
Gepleşikde şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Deňiz çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň Üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyklar aýratyn üns merkezinde boldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi