Türkmenistan intellektual eýeçiligi goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň intellektual eýeçilik babatda halkara guramalar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň innowasion-ykdysady ösüşinde intellektual eýeçilik ulgamynyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň milli hukuk binýadyny halkara standartlara laýyklykda kämilleşdirmek, awtorlyk hukuklarynyň netijeli goralmagyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň tassyklan «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» esasy resminama bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmek we ony ýurdumyzda ulanmak, milli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, intellektual eýeçilik ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy, hususan-da, Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasy hem-de Ýewraziýa Patent Guramasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin birnäçe teklipler beýan edildi.

Nygtalyşy ýaly, Ýewraziýa Patent Guramasy bilen bilelikde şu ýylyň 17-18-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde «Innowasion ösüş we oýlap tapyjylar üçin goldaw — sebitleýin we global mümkinçilikler» atly okuw maslahatyny geçirmek teklip edilýär. Onuň dowamynda intellektual eýeçiligi goramak, oýlap tapyşlary bellige almagyň, olary önümçilige ornaşdyrmagyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmak göz öňünde tutulýar. Bu çärä degişli döwlet edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň, hususy pudagyň wekilleriniň, Ýewraziýa Patent Guramasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

21 — 23-nji oktýabrda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçiriljek Ýewraziýa Patent Guramasynyň Dolandyryjy geňeşiniň 48-nji mejlisine, onuň bilen ugurdaş geçiriljek intellektual eýeçilik boýunça halkara maslahata Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy teklip edilýär. Bu çäreleriň çäklerinde Ýewraziýa patent ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de degişli edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmenistan 1995-nji ýyldan bäri Ýewraziýa Patent Guramasynyň agzasy bolup, bu guramanyň Dolandyryjy geňeşine 2025-nji ýylda başlyklyk etdi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren Patent işini tizleşdirmegiň Ýewraziýa maksatnamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama Türkmenistanyň goşulmagy baradaky teklip beýan edildi. Ýurdumyzyň bu maksatnama goşulmagy milli patent edarasynyň daşary ýurtlaryň degişli edaralary bilen tejribe alyşmagyny giňeltmäge, gaýtalanýan ekspertiza amallaryny azaltmaga, patent arzalaryna has netijeli seredilmegine ýardam berer.

Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň çäklerinde 1994-nji ýylda kabul edilen Haryt nyşanlary boýunça kanunlar hakynda Şertnama we 2006-njy ýylda kabul edilen Haryt nyşanlary boýunça kanunlar hakynda Singapur Şertnamasyna hem Türkmenistanyň goşulmagy teklip edilýär. Bu Şertnamalaryň maksady haryt nyşanlaryny milli we sebit derejesinde döwlet belligine almak bilen bagly amallary düzgünleşdirmekden, bu ugurda gelip gowuşýan ýüzlenmeler boýunça amala aşyrylýan hukuk taýdan ähmiýetli hereketleri ýönekeýleşdirmekden, olary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmekden ybaratdyr.

Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasy tarapyndan işlenip taýýarlanan «Innowasion mümkinçilikler boýunça ugrukdyryjy» atly täze guraldan peýdalanmak boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 16 — 20-nji noýabrynda Ženewa şäherinde geçiriljek Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Ösüş we intellektual eýeçilik boýunça komitetiniň 37-nji mejlisine gatnaşmagy, onuň çäklerinde bu guramanyň degişli düzümleriniň wekilleri bilen agzalan guralyň mümkinçilikleri, ondan peýdalanmagyň aýratynlyklary we ony ýurdumyzda ulanmagyň ýollary boýunça gepleşikleri geçirmek baradaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň intellektual eýeçiligi goramak boýunça halkara konwensiýalara we ylalaşyklara goşulyp, bu ugurda netijeli işleri alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň intellektual eýeçilik babatda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


Yza

Şeýle hem okaň