11-nji iýulda alty aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permanlara gol çekdi.
Olara laýyklykda:
Mämmet Welmämmedowiç Akmämmedow Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri wezipesine bellenildi.
Hajymyrat Şihmyradowiç Hudaýgulyýew Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri wezipesine 6 aý synag möhleti bilen bellenildi.
Begenç Meretgeldiýewiç Annadurdyýew Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri wezipesine bellenildi.
Döwran Reimbaýewiç Saburow «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi.
Azat Hallyýewiç Şanazarow Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 11-nji iýulda gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýatyrylyp, onuň garamagyndaky «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň işiniň bes edilendigini, olaryň binýadynda, degişlilikde, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň döredilendigini, şeýle-de «Türkmenhowaýollary» agentliginiň we «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň, degişlilikde, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy diýlip atlandyrylandygyny, olaryň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna berildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi