Minskde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulýew bilen Kataryň Ynanylan wekili Hamud Saleh Mohsen Nasser Al-Saadiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar ikitaraplaýyn we halkara hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçi Şagulýew Türkmenistanyň şu ýylda öňe süren möhüm halkara başlangyçlary barada gürrüň berdi. Hususan-da, Türkmenistanyň başlangyjy we BMG Baş Assambleýasynyň goldawy bilen 2025-nji ýyl Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi. Bu waka aýratyn ähmiýete eýe, sebäbi 12-nji dekabrda Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellär.
Şeýle hem diplomat Katarly kärdeşine "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty (LLDC 3) barada gürrüň berdi. Maslahatyň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we logistika we dünýä ykdysadyýetine integrasiýa bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin esasy platforma öwrülmegine garaşylýar.
Kataryň Ynanylan wekili Hamoud Saleh Mohsen Nasser Al-Saadi mähirli garşylanandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we Kataryň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek iboýunça islegini tassyklady. Ol Türkmenistanyň halkara arenasynda parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça goşandyna ýokary baha berdi we Awazada geçiriljek konferensiýanyň ähmiýetini belläp geçdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi