Türkmenistanyň Prezidenti Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 5-nji awgustda Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Muhammed Ýunus Menfi bilen duşuşdy. Belent mertebeli myhman BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen geldi.

Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary astynda geçýän Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Muhammed Ýunus Menfi ikiçäk duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Liwiýada dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi. Şeýle-de dostlukly döwletiň Baştutany Türkmenistanda geçirilýän bu maslahatyň üstaşyr ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmekde, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin zerur şertleri döretmekde, bu ýurtlarda ýaşaýan halklaryň ýagty geljegi ugrunda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyny bellap geçdiler.

Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde nebit-gaz ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin hem täze mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, bu ulgamda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerinidir usullaryny gözlemek hem-de olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça yzygiderli dialogyň peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda iki ýurdyň baştutanlary Türkmenistanyň we Liwiýanyň dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň