Aşgabatda 19-njy sentýabrda Halk Maslahatynyň indiki mejlisi geçiriler. Bu möhüm çärä taýýarlyk 20-nji awgustda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenişi ýaly, Halk Maslahatynyň işi döwrebap durmuş-ykdysady ösüşiň we netijeli dolandyryşyň täze mehanizmlerini kemala getirmäge gönükdirilendir.
Halk Maslahaty ata-babalaryň däp-dessurlaryny miras alyp, döwletiň milli kuwwatynyň we durnuklylygynyň binýady bolup hyzmat edýän türkmen jemgyýetiniň jebisleşmegine möhüm goşant goşýar. Ýaşuly nesliň zähmetine şeýle-de hyzmatlaryna sarpa goýmak ýörelgesi Halk Maslahatynyň jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini öňe sürmek we milli jebisligiň ösüşiň hereketlendiriji güýjidigini görkezmek bilen alyp barýan işleriniň esasy tarapydyr.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti