Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna we ýurduň ähli halkyna milli baýramlary bolan Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutany Kim Çen Yna tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, ýurduň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti