Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin wekili Oliwer Ştolpeniň arasynda 10-njy sentýabrda duşuşyk geçdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Möhleti 2027-nji ýylyň iýunyna çenli uzaldylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin 2022–2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalara aýratyn üns berildi.
Duşuşykda kiberhowpsuzlyk meselelerine hem aýratyn orun berildi. Kiberjenaýata garşy göreşmek boýunça BMG tarapyndan kabul edilen Konwensiýanyň ähmiýeti nygtaldy. Bu resminamanyň gol çekilişi şu ýylyň 25–26-njy oktýabrynda Wýetnamda geçiriler.
Türkmen tarapy kiberhowpsuzlyk, sintetiki neşe serişdelerine we adam söwdasyna garşy göreşmek ýaly ugurlarda BMG-niň degişli müdirligi bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge bolan ygrarlylygyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Şu ýylda geçiriljek bilelikdäki çäreleriň guramaçylyk meselelerine hem seredildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi