Döwrümiziň gaýragoýulmasyz meselelerini kesgitläp, degişli çözgütleri halk
bilen maslahatlaşyp kabul etmek, il-güne sala salmak döwletlilikden nyşan. 19-njy
sentýabrda, Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda geçirilen
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garalan meseleler we
ýakyn geljek üçin kesgitlenen anyk wezipeler ýurdumyzda adam bähbitlerine
gönükdirilen durmuş özgertmeleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan
ugrudygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny ýene-de bir gezek äşgär etdi. Hususan-da,
halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisinde abadan
ýaşaýşymyzyň baş şerti bolan ilatyň iş bilen üpjünçiligine, durmuş goraglylygyna
dahylly meselelere aýratyn ähmiýet berildi. Döwlet Baştutanymyz öz taryhy
çykyşynda raýatlarymyzyň iş üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak babatda mundan
beýläk-de uly tagallalaryň dowam etdiriljekdigini nygtady. Şunuň bilen
baglylykda, ýurdumyzda zähmet bazaryny ösdürmek boýunça kabul edilen
Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeler bu ugurda täze, döwrebap çemeleşmeleriň
ulanylmagyny talap edýär. 
Halkymyz ösüşlere, täze
galkynyşlara beslenýän döwürde ýaşaýar. Bu gün eziz Watanymyz Galkynyş döwrüni başdan geçirýär. Galkynmak,
ösmek, ösüşde täze menzilleri nazarlamak üçin ýurtda jemlenen tebigy, zähmet we
maliýe serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy zerur şertleriň biridir.
Hususan-da, dünýä ösüşiniň häzirki çylşyrymly şertlerinde ykdysady kuwwatymyzy
mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bu serişdeleri netijeli dolandyrmak
meselesi strategik ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen birlikde, ol dünýä
jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli
amala aşyrylmagyna hem oňyn täsirini ýetirýär. 
Ýurduň ösen
derejesine laýyk gelýän dolandyryş mehanizmlerini ornaşdyrmak pudaklaryň
düzüminiň kämilleşdirilmegine itergi bermek bilen bir hatarda, şeýle
çemeleşmeler ýurtda kemala gelen durmuş-ykdysady şertlerden ugur alnyp, dünýäniň
ykdysady giňişliginde bolup geçýän üýtgeşmelere çalt uýgunlaşmaga hem
mümkinçilik berýär. Şunda durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitleýin syýasata
wajyp orun degişlidir. 
Häzirki döwürde ýurdumyzyň sebitleriniň
durmuş-ykdysady ösüşiniň düýpli özgerdilmegine aýratyn ünsüň berilýär. Muny bitewi
ykdysady ulgamyň aýratyn düzümleri hökmünde sebitleriň her biriniň ykdysady
deňagramlylygy we durnuklylygy üpjün etmekde uly ähmiýetiniň bardygy bilen
düşündirip bolar. Her bir sebit öz geografik ýerleşişi, ýer-suw we mineral-çig
mal serişdeleriniň paýlanylyşy, demografik ösüşiň aýratynlyklary bilen
şertlendirilen zähmet gorlarynyň ýagdaýy bilen biri-birinden tapawutlanýar. Hut
şu sebäpler olaryň durmuş-ykdysady ösüşinde tapawutlaryň ýüze çykmagyna şert
döredýär. Sebitleýin syýasatyň oýlanyşykly alnyp barylmagy bolsa, ahyrky
netijede, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, durnukly ösüşiniň
saklanylmagyna şert döredýär. 
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak
we diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatynyň döredýän mümkinçilikleri okgunly ösüşiň
ykdysady we durmuş şertlerini özara baglanyşdyrmagyň möhüm mehanizmi bolup
durýar. Şu ýylda Döwlet
býujetinden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy
möçberiniň 65,6 göteriminiň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin
hem 34,4 göteriminiň gönükdirilmegi ýurdumyzyň ykdysady
kuwwatyny pugtalandyrmakda, adam maýasyny ösdürmekde ägirt uly üstünlikleriň we
öňegidişlikleriň gazanylýandygyny tassyklaýan görkezijilerdir.
Häzirki döwürde Türkmenistanda
iri maýa goýum serişdeleriniň diňe bir önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegine
däl, durmuş ulgamyna hem uly möçberlerde gönükdirilmegi umumy ösüşiň ýokary
derejesiniň gazanylmagyna hem-de ilatyň mynasyp ýaşaýyş-durmuşynyň üpjün
edilmegine şert döredýär. Täze taryhy döwürde raýatlar üçin
ýaşaýyş jaýlaryny we şäherçeleri gurmak boýunça giň gerimli, durmuş maksatly
taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylýandygy aýratyn bellärliklidir. Bu ýagdaý
ýokary ykdysady kuwwatymyzyň iri durmuş taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmak
üçin maddy esas bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy” esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin
şu ýylyň ahyryna çenli 40 milliard 72 million manat möçberinde düýpli maýa
goýumlary özleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa täze önümçilik we
medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga şert
döretmek bilen, eziz Watanymyzda täze şäherçeleriň we obalaryň, döwrebap
ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň üstünlikli dowam etdirilmegine ýardam berýär. 
Halkymyzda gurmak, döretmek döwletlilik hasaplanýar. Mukaddes maşgala
ojagyny alamatlandyrýan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak bolsa jemgyýetçilik tarapyndan
makullanýan, iň hormatlanýan işleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ilatyň ýaşaýyş jaý bilen üpjünçiligini
ýokarlandyrmak syýasaty diňe bir öz durmuş netijeliligi bilen tapawutlanman,
eýsem, raýatlaryň binýatlaýyn islegleriniň kanagatlandyrylmagy netijesinde,
onuň jemgyýetçilik ähmiýetiniň ýokarlanýanmagyna hem täsir edýär. Ilatyň, esasan-da ýaş maşgalalaryň
döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny satyn almagy üçin berilýän ýeňillikli we sarp ediş
maksatly karzlaryň möçberini yzygiderli artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler
aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Ýurdumyzda mätäçlik çekýän raýatlar üçin döwlet
serişdeleriniň hasabyna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy,
goçmaça durmuş ýeňillikleriniň yzygider döredilmegi bolsa döwlet tarapyndan
adam barada uly aladalar edilýändiginden habar berýär.
Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynyň dolandyrylyşyny döwrebap
ösdürmek babatda öňde goýan wezipesinden ugur alyp, Halk Maslahatynyň mejlisinde
ýurdumyzyň welaýatlarynyň
dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkymyz üçin zerur
bolan durmuş-ykdysady şertleri üpjün etmek bilen bagly teklipler hem öňe
sürüldi. Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolmak bilen,
ol azyk howpsuzlygynyň we ilaty iýmit önümleri bilen üznüksiz üpjün etmegiň
çeşmesidir. Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynda Altyn Asyr etrabyny,
Daşoguz welaýatynda Garaşsyzlyk hem-de Gubadag etraplaryny, Lebap welaýatynda
Döwletli, Farap, Garabekewül etraplaryny, Mary welaýatynda Oguzhan etrabyny
döretmek baradaky teklibiň goldanylmagy we degişli çözgütleriň kabul edilmegi
aýratyn ähmiýete eýedir. 
Häzirki döwür ýurdumyzyň
ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş taýdan
goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýan döwrüdir.
Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň
ahyryna çenli täze döredilen iş orunlarynyň sanynyň 3 müňden gowrak boljakdygyny
belläp geçdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 5-nji sentýabrynda
kabul edilen “Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň
Konsepsiýasy” esasynda täze, döwrebap iş orunlary döretmek, ilatyň iş bilen
üpjünçiligi has-da kämilleşdirmek esasy maksatlaryň hatarynda kesgitlenendir. Aslynda,
zähmet bazary – bu çylşyrymly ulgamlaryň biri. Oňa demografik şertlerden
başlap, tehnologiýalaryň ösen derejesi täsir edýär. Şeýle-de ykdysadyýetde we
durmuş ulgamynda bolup geçýän her bir üýtgeşme bu bazarda özüniň aýdyň beýanyny
tapýar. Bazar gatnaşyklarynyň
giňden ornaşdyrylýan döwründe zähmet bazarynda döwlet syýasatyny oýlanyşykly
alyp barmak we ony döwrüň talaplaryna görä guramak zerurlygy ýüze çykýar. Bu
syýasatyň esasy maksady iş üpjünçiligini kämilleşdirmäge gönükdirilen ykdysady özgertmeleri
durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Sebäbi ykdysadyýetde iş orunlarynyň sanynyň
artdyrylmagy zähmet bazarynda we iş üpjünçilik ulgamynda geljegi uly bolan
syýasat hasaplanýar. Bu syýasat jemi içerki önümiň üznüksiz ösüşini üpjün
etmäge, Döwlet býujetiniň girdejiler bölegini artdyrmaga, ilatyň hakyky
girdejilerini ýokarlandyrmaga, döwlet, hususy bölek we öý hojalyklary
tarapyndan ýerli haryt öndürijileriň önümlerine bolan islegi höweslendirmäge,
ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga
esaslanýar. Täze iş orunlaryny döretmek häzirki wagtda Türkmenistanda amala
aşyrylýan ykdysady syýasatyň esasy maksatlarynyň biridir. Bu ugurda ykdysadyýetiň
hususy bölegini döwlet tarapyndan höweslendirmek zähmet bazary we iş üpjünçilik
çygryndaky düýpli meseledir. 
Halk Maslahatynyň
mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli
maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri indiki ýyl hem üstünlikli ýerine
ýetirmek üçin “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
we maýa goýum Maksatnamasyny” işläp taýýarlamak barada beren tabşyryklary
il-ýurt bähbitli işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdiginiň güwäsidir.