Hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň
parasatly döwlet ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli, maksatnamalaýyn durmuş-ykdysady
özgertmeler ýurdumyzda ilatyň durmuş goraglylygynyň ýokarlanmagyny üpjün edýär,
raýatlaryň zähmet hukuklarynyň we kepillikleriniň ýokary derejede durmuşa
geçirilmegi üçin giň mümkinçilikleri we şertleri döredýär.
Ýurdumyzyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmegi göz
öňünde tutýan, her bir raýatyň abadan durmuşda ýaşamagyny kepillendirýän, şeýle
hem ilatyň ähli gatlaklarynyň durmuş mümkinçiliklerini we bähbitlerini üpjün
edýän işler üstünlikli dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi
tarapyndan durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp
barylýar. Öz ýerine ýetirýän işiniň talaplaryna we häsiýetine laýyk gelýän
zerur hünär derejesi bolan hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär
ussatlyklaryny artdyrmak maksady bilen, Ministrligimiz bilen yzygiderli
hyzmatdaşlyk alyp barýan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň
(UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde 5 sany Moduldan ybarat
bolan, Durmuş işi boýunça hünär kämilleşdiriş okuwynyň Maksatnamasy
taýýarlanyldy we şol maksatnama esasynda durmuş ulgamynda işleýän hünärmenleriň
üçin umumy, amaly we tejribe okuwlar tapgyrlaýyn gurnaldy.
Okuwlar “Durmuş işiniň standartlary we hukuk
esaslary”, “Durmuş işinde aragatnaşygy we gatnaşyklary ýola goýmak”, “Ýüze
çykarmak, şahsy zerurlyklara baha bermek we aýratyn meýilnama düzmek”, “Aýratyn
meýilnamany ýerine ýetirmek, gaýtadan şahsy zerurlyklara baha bermek, aýratyn
meýilnamany gaýtadan gözden geçirmek we işi ýapmak hem-de monitoring” we “Durmuş işi boýunça hünärmenleriň hünäriniň
ýokarlandyrylmagy we goldaw” atly temalar boýunça geçirildi.
Geçirilen okuwlar hünärmenlere durmuş işiniň kanuny
esaslaryny we etiki kadalaryny berjaý etmäge, öz işinde täze çözgütleri ulanmaga,
logiki pikirlenmäni artdyrmaga, wakany aýdyň beýan etmäge, hyzmatdan
peýdalanyjy bilen aragatnaşyk guramaga, maşgalanyň zerurlyklaryny çuňňur
öwrenmäge, işi alyp barmagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen amaly
gurallary özleşdirmäge mümkinçilik döretdi. Bu bolsa hünärmenlere üstünlik
gazanmagyň esasy şerti hökmünde ömür boýy öwrenmäge ygrarlylygy we bu ugurlarda
kämillige ymtylmagy üçin esas boldy.
Şunuň bilen baglylykda 2025-nji ýylyň 18-nji
dekabrynda Durmuş işi boýunça hünär kämilleşdiriş okuwynyň ähli Modullaryny üstünlikli
tamamlan Ministrligiň we onuň garamagyndaky edaralaryň hünärmenlerine,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de
Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň usulyýetçi mugallymlaryna
şahadatnama gowşurmak dabarasy geçirildi.