Ýurdumyzyň sebitlerinde çaga zähmetiniň we mejbury zähmetiň öňüni almak boýunça habarlylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler geçirildi

Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) «Türkmenistanda mynasyp zähmeti öňe sürmek we çaga zähmetiniň hem-de mejbury zähmetiň öňüni almak» atly taslamasynyň çäklerinde 2026-njy ýylyň 12-nji iýuny – 11-nji awgusty aralygynda ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň şäherlerinde we etraplarynda zähmet hukuklaryny goramak, şeýle hem howpsuz we mynasyp zähmet şertlerini üpjün etmek bilen bagly meseleler boýunça edara-kärhanalaryň, guramalaryň wekilleriniň we ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri geçirildi.

Geçirilen çärelere Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Adalatçynyň diwanynyň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri, şeýle hem HZG-niň Türkmenistandaky taslamasynyň ýolbaşçysy, milli utgaşdyryjysy we işgäri gatnaşdylar.

Geçirilen çäreleriň esasy maksady ilatyň zähmet çygryndaky milli we halkara kadalary, adamyň zähmet hukuklaryny goramaga, çaga zähmetiniň öňüni almaga we mejbury zähmetiň islendik görnüşlerine ýol bermezlige gönükdirilen düzgünler boýunça hukuk sowatlylygyny we habarlylygyny has-da ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.

Duşuşyklaryň dowamynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň zähmet çygryndaky kanunçylygynyň düzgünleri, çagalaryň we ýaşlaryň hukuklaryny goramak, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň zähmet şertlerine bildirilýän talaplar, şeýle hem halkara zähmet standartlary we Halkara Zähmet Guramasynyň degişli konwensiýalary barada düşündirişler berildi.

Çäreleriň dowamynda ýaş nesilde zähmete hormat goýmak düşünjesini kemala getirmek, bilim almagyň we hünär taýýarlygyny geçmegiň ähmiýetine hem aýratyn üns berildi. Çagalara ýokary hilli bilim almaga, öz ukyplaryny ösdürmäge, zerur bilimleri we başarnyklary edinmäge mümkinçilikleriň döredilmeginiň olaryň sazlaşykly ösüşiniň we geljekde üstünlik gazanmagynyň möhüm şertleriniň biridigi bellenildi.

Çäreleriň çäklerinde çaga zähmetiniň we mejbury zähmetiň öňüni almak, raýatlaryň zähmet hukuklaryny goramak we mynasyp zähmet ýörelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Gatnaşyjylar maglumat-düşündiriş we öňüni alyş işlerini dowam etdirmegiň, şeýle hem bu ugurda pudagara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.

Geçirilen çäreler Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şeýle hem zähmet çygryndaky milli mehanizmleri kämilleşdirmäge möhüm goşant boldy.

«Türkmenistanda mynasyp zähmeti öňe sürmek we çaga zähmetiniň hem-de mejbury zähmetiň öňüni almak» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi mynasyp zähmeti ilerletmek, raýatlaryň zähmet hukuklaryny üpjün etmek, howpsuz, adalatly we halkara zähmet standartlaryna laýyk gelýän zähmet gurşawyny kemala getirmek boýunça bilelikdäki işleriň möhüm ugurlarynyň biridir.

Türkmenistanyň etraplarynda geçirilen maglumat beriş-düşündiriş çäreleri ilatyň zähmet hukuklary, halkara zähmet standartlary we mynasyp zähmet ýörelgeleri baradaky habarlylygynyň ýokarlanmagyna, şeýle hem bu ýörelgeleriň Türkmenistanda mundan beýläk-de öňe sürülmegine ýardam etdi.

 


Yza

Şeýle hem okaň