Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana döwlet sapary bilen barar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 14-nji noýabrda hökümetiň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagyna hem-de Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli toplumlaýyn işleriň geçirilýändigi aýdyldy.

Nygtalyşy ýaly, Daşkent şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň gün tertibi döwletara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny, şol sanda sebitde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmalary öz içine alar. Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen ugurdaş çäreleriň birnäçesi guralar.

Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejedäki gepleşiklerden we beýleki degişli çärelerden başga-da, Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini işe girizmek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. döwlet Baştutanymyz daşary işler ministrine Özbegistan Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň