Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli tutuş ýurt boýunça ruhubelentlige beslenen çäreler giň gerimde ýaýbaň aldy.

Şu mynasybetli Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen TDP-niň welaýat komiteti bilelikde dabara baý maslahat gurnady. Maslahatyň çäklerinde muzeý işgärleriniň giň möçberli sergisiniň açylyş dabarasy hem geçirildi. «Dost-doganlyk baýramy – Bitaraplyk parahatlyk aýdymy» atly maslahata muzeýiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň wekilleri, ýaşulular, welaýat we etrap kazyýetleriniň, gümrük, adalat hem-de polisiýa edaralarynyň işgärleri, Türkmenabat maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem kitaphana işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösdürmekde, şeýle hem sebitleýin we halkara parahatçylygy saklamakdaky möhüm orny baradaky çykyşlar diňlenildi. Pederlerden miras galan ynsanperwerlik, dost-doganlyk we hoşniýetlilik däpleriniň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygyndaky döwlet syýasatynyň esasynda ornuny tapýandygy bellenildi. Şeýlelikde, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli ugry üç gezek BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň mazmunyny doly açyp görkezdi.

Maslahatyň dowamy «Bitaraplyk – parahatçylykly ösüşleriň gözbaşy» atly serginiň açylyş dabarasy bilen dowam etdi. Şeýle täsirli çykyşlardan soňra gatnaşyjylar sergide ýerleşdirilen muzeý gymmatlyklary, Bitaraplygyň many-mazmunyny beýan edýän dokumentler, amaly-haşam eserleri, nakgaşlyk we senetçilik işleri, şeýle hem surat eserleri bilen tanyş boldular. Sergide ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, bilim, saglyk, medeniýet we sport ulgamlaryndaky üstünliklerini görkezýän eksponatlar myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy.

Serginiň aýratyn bölegi hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen milli gymmatlyklarynyň görkezilmegi ýurdumyzyň şöhratly taryhyna, häzirki ösüşlerine we parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna halkara jemgyýetçiliginiň, şol sanda BMG-niň uly hormat goýýandygyna şaýatlyk etdi.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň