Türkmen we Gazak gidrologik hasaba alyş we halas ediş işleri boýunça hünärmenleriň topary Lebap welaýatynyň "Kerki" gidropostunyň golaýyndaky Amyderýada meýdan barlaglaryny geçirdi. Saparyň maksady serhetüsti irki duýduryş ulgamy bilen tanyşmak we geljekki GİS-barlaglary üçin ýerleri kesgitlemek boldy.
Kerki etrabynda topar 2028-nji ýyla çenli dowam etjek gidrologik barlaglaryň synag ediljek ýerlerini tassyklady.
Taslamanyň esasy maksady gidrologik ýagdaýlar barada Merkezi Aziýanyň özara irki duýduryş ulgamyny kämilleşdirmek we mümkinçilik töwekgelçilikleri ýüze çykarmakdyr.
Gidrologik postlarda awtomatlaşdyrylan monitoring nokatlaryny gurnamak, sputnik internetine birikdirmek, şeýle-de sirenaly-sesli enjamlary we mobil programmalary goşmak bilen ilaty netijeli duýdurmak çärelerini döretmek meýilleşdirilýär.
Çeşme: Türkmenistanyň halkara habarlar merkezi