Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmekde, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmekde hem-de Türkmenistanyň abraýyny dünýä derejesinde ýokary götermekde bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem halk wekillerinden we jemgyýetçilik birleşiklerinden gelen köp sanly teklipler esasynda, Halkara Bitaraplyk güni we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Mejlisi degişli çözgüt çykardy.
Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, Prezident Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak baradaky karara geldi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde, Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ilerledilýän hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we halkara hyzmatdaşlyk syýasaty täze üstünlikler bilen baýlaşýar. Bitarap döwlet hökmünde dünýä derejesinde belent abraý gazanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkara gatnaşyklarda umumy bähbitleri utgaşdyrmaga ýardam berýän möhüm gural hökmünde ykrar edildi.
Ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň dünýä syýasatyndaky ähmiýeti barha artýar. Türkmenistanyň başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa mynasyp bolýar. Döwletimiziň “Açyk gapylar” syýasaty hem-de “Dialog — parahatçylygyň kepili” taglymaty halkara gatnaşyklaryň ösüşine möhüm goşant hökmünde aýratyn bellenilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyz üçin amala aşyran döwlet ähmiýetli işleri, daşary syýasatda hem-de halkara bileleşigi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmakda bitirýän uly şahsy hyzmatlary aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Döwlet Baştutanymyzyň türkmen Bitaraplygynyň ähli ugurlarda — syýasy, diplomatik, hukuk, ykdysady we medeni-ynsanperwer derejelerde durmuşa geçirilmegine goşan goşandy hem giň jemgyýetçilik tarapyndan belent bahalandyryldy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti