Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 21-nji dekabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy. Sammitiň öňüsyrasynda oňa gatnaşýan döwlet Baştutanlary «Ermitaž» muzeýine aýlanyp gördüler.
Döwlet Baştutanlary, ilki bilen, muzeýiň birinji gatynda ýerleşýän «Altyn hazyna» zalyna baryp gördüler. Bu ýerde antik döwrüň zergärleriniň ýasan altyn şaý-sepleri görkezilýär. Şolaryň hatarynda gadymy skif halkyna degişli bolan iki müň ýyllyk altyn önümler nepisligi bilen haýran galdyrýar. Ikinji gatda ýerleşýän Orta Aziýa zalynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy bilen tanyşmak bolýar. Ekspozisiýa asyrlaryň dowamynda medeniýetleriň arasynda kemala gelen gatnaşyklar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Gadymy döwürlerde ýurtlary we halklary birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny alyp barmakda däl, eýsem, medeni dialogy yzygiderli ösdürmekde hem özboluşly köpri bolup hyzmat edipdir. Bu söwda ýolunyň merkezinde ýerleşýän türkmen topragy Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrypdyr. Ýükli kerwenler ýurdumyzyň üstünden Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna geçipdirler. Bu ýoluň ugrunda ýerleşýän Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly şäherler möhüm ylmy we medeni merkezler bolupdyr.
Soňra dostlukly ýurtlaryň Liderleri Beýik Britaniýanyň we Fransiýanyň sungaty bilen tanyşdyrýan zallara aýlanyp gördüler. Bu ýerde Günbataryň meşhur suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň eserleri bilen tanyşmak bolýar.
Soňra döwlet Baştutanlary «Leonardo da Winçi» zalyna baryp gördüler. Bu ýerde Ýewropanyň Gaýtadan döreýiş döwrüniň beýik ussadynyň 20-den gowrak eseri saklanýar. Bu sungat eserleri çeperçilik ussatlygy we çuňňur many-mazmuny bilen tapawutlanýar.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti