Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary M. Muhammedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Duşuşyklaryň esasy netijesi ýakyn üç ýyl üçin niýetlenen hyzmatdaşlygyň giň gerimli meýilnamasynyň taýýarlanmagy boldy.
Ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük edaralarynyň wekilleri özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny seljerdiler we geljekki ösüşiň ugurlaryny kesgitlediler. 2026–2028-nji ýyllar üçin bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasynyň ylalaşylmagy gepleşikleriň möhüm tapgyry boldy.
Täze «ýol kartasy» örän möhüm ugurlary — işleri sanlylaşdyrmagy we döwrebap maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy, serhetüsti amallary çaltlandyrmak üçin operatiw maglumat alyş-çalşygyny hem-de gümrük ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy öz içine alýar.
Dolandyrmagyň döwrebap usullaryny öwrenmek maksady bilen, türkmen wekiliýeti Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň (FGG) birnäçe möhüm desgalaryna baryp gördi.
Çeşme: Türkmenistanyň halkara habarlar merkezi