Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy 2026-njy ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Siziň baştutanlygyňyzda türkmen halky belent ösüşleri, rowaç menzilleri nazarlap gelýän täze — 2026-njy ýyly ýokary ruhubelentlikde, zähmet üstünlikleri, beýik ýeňişler bilen garşylaýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýatdan çykmajak taryhy wakalar, içeri hem-de daşary syýasy ähmiýetli ösüşler bilen dabaralandy. 2025-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy giňden bellenildi. Täze ýylda hem ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň barha kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagyna, ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmegine gönükdirilen beýik işleriň uly rowaçlyklara beslenjekdigine ynanýaryn.

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgerişler amala aşyryldy, durnukly ösüşiň binýady pugtalandyryldy. Älemi haýrana goýýan özgerişleriň, bedew batly ösüşleriň şöhratly eýýamynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda gazanylýan ösüşler ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Siz halkymyzyň durmuşynda uly orun eýeläp, tebigy gözelligi bilen bütin dünýäni haýrana goýýan, türkmen halkynyň göz guwanjy, uçar ganaty bolan ahalteke bedewlerimize çäksiz hormat-sarpa goýýarsyňyz. Siziň baştutanlygyňyzda täze taryhy döwürde Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylyp ulanmaga berilmegi, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan halkara ýeňişleri türkmen atçylyk sungatynyň abraýyny has-da artdyrýar.

Türkmen halky ençeme maddy gymmatlyklary döreden, umumadamzat medeni hazynasyna uly goşant goşan halkdyr. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da şöhratlandyrdy.

Siziň taýsyz tagallalaryňyz netijesinde beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty belent derejelere göterilýär. Halkymyzyň arassa ganly behişdi bedewleri ajaýyp döwrümiziň gözelligine görk goşýan maddy hem ruhy baýlyk hasaplanýar. Ahalteke atlaryna «asman atlary», «behişdi bedewler» diýlip mynasyp baha berilýär. Häzirki bagtyýar döwrümizde ahalteke bedewiniň buýsançly şekili Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde orun alandyr. Bedew atlarymyz milletimiziň buýsanjy bolup Ýer ýüzüne ýaň salýar” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy gutlag hatynda belleýär.

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, Bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesiniň has-da belende göterilmegi ugrunda alyp barýan beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň