13-nji fewralda geçirilen Ministrler
Kabinetiniň mejlisinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň
durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijelere baha berildi hem-de 2026-njy
ýylda öňde duran möhüm wezipeler kesgitlenildi. 2024-nji ýyl bilen
deňeşdirilende, geçen ýyl jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň
bolandygy bellenildi. Hasabat döwründe gurluşykda 7,9 göterim, ulag we
aragatnaşyk pudagynda 9,8 göterim, oba hojalygynda 7 göterim, söwdada 9,6
göterim ösüş gazanylmagy ýurdumyzda durnukly ösüşiň
saklanylýandygyny, amala aşyrylýan diwersifikasiýa, senagatlaşmak
syýasatynyň ýokary netije berýändigini aýdyň subut edýär.
Mälim bolşy ýaly, ähli pudaklaryň sazlaşykly
hereketi ykdysady ösüşi üpjün etmegiň baş şerti bolup durýar. Bu ösüş
maksatnamalaýyn çemeleşmäniň esasynda amala aşyrylanda has-da netijeli bolýar. Degişli
maksatnamada senagat pudagyny we hyzmatlar bazaryny düzümleýin özgertmegiň
möhüm ugur hökmünde kesgitlenilmegi ykdysadyýetiň degişli düzümlerinde oňyn
netijeleriň gazanylmagyna getirdi. Hususan-da, bu pudagyň öňdebaryjy
tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy goşulan gymmaty ýokary bolan, şeýle-de oňat
hili bilen tapawutlanýan harytlaryň öndürilmegine ýardam berýär. Öndürilen
önümiň ýokary hiliniň üpjün edilmegi bäsdeşlige ukyplylygyň esasy görkezijisi
bolup durýar, şeýle-de daşarky bazarlarda tutýan ornunyň ygtybarlylygyny
kepillendirýär. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýylda senagat pudagynda
1,8 göterim ösüşiň üpjün edilmegi ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň barha artýandygyny
görkezýär.
Bazar gatnaşyklarynyň giňden ornaşdyrylýan
döwletlerinde hyzmatlar bazarynyň ösdürilmegi kanunalaýyk ýagdaý bolup, ol harytlaryň
önümçiliginden hyzmatlaryň ykdysadyýetine geçmegi aňladýar. Bu ýagdaý jemi
içerki önümde we ilatyň iş bilen üpjünçiliginde hyzmatlar ulgamynyň tutýan
ornunyň artmagyna getirýär. Gündelik durmuşymyza sanly özgertmeleriň, adam
maýasynyň, bilimleriň, maglumatlaryň giňden ornaşdyrylmagy, şeýle-de döwrebap
tehnologik, lukmançylyk we bilim hyzmatlaryna bolan islegleriň ýokarlanmagy
hyzmatlar bazarynyň ösdürilmegine güýçli itergi berýän şertlerdir. Hasabat
döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, hyzmatlar ulgamynda
7,5 göterim ösüşiň gazanylmagy ilatyň dürli isleglerini kanagatlandyrmak
ugrunda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň jemi mukdaryndan we hilinden habar berýär.
Milli ykdysadyýetiň ösüşinde maýa goýumlaryň
gönükdirilýän ugurlaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Mejlisde maliýeleşdirmegiň
ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň 6 göterim artandygy we
onuň jemi içerki önümiň 16,6 göterimine deň bolandygy bellenildi. Bu statistiki
maglumatlar ýurdumyzda alnyp barylýan maýa goýum syýasatynyň ýokary işjeňlik
derejesini görkezýär. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,1 göteriminiň
önümçilik ähmiýetli desgalara, 50,9 göteriminiň bolsa durmuş we medeni maksatly
binalara gönükdirilmegi döwlet strategiýasynda durmuş ulgamyny nazarlaýan
ykdysady ösüş nusgasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň netijesidir. Önümçilik
kuwwatlyklarynyň ösdürilmegi abadan ýaşaýşymyzyň maddy binýadyny emele getirmek
bilen, täze iş orunlarynyň döredilmegini hem öz içine alýar. Täze iş
orunlarynyň sany näçe köp boldugyça, iş bilen meşgullanlaryň sany şonça-da
artýar. Bu ýagdaý möhüm kanunalaýyklygy ýüze çykarýar: ykdysady
ösüş we iş bilen meşgullyk berk baglanyşykly, biri-birini şertlendirýän
hadysalardyr. Olaryň durnukly sazlaşygyny gazanmak ýurt berkararlygyny
pugtalandyrmagyň zerur şertini emele getirýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda hereket edýän milli hem-de pudaklaýyn
maksatnamalardyr meýilnamalaryň ählisinde täze iş orunlaryny döretmäge aýratyn
ähmiýet berilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr.
Diýarymyzdaky ykdysady özgertmeler iş
üpjünçiligiň pudaklaýyn düzüminde we ilatyň ykdysady işjeňliginde
özgerişlikleriň bolup geçmegini şertlendirdi. Şeýle ýagdaý ykdysadyýetiň ösüş
depginine we onda bolup geçýän üýtgeşmelere öz wagtynda seslenmäge ukyply bolan
zähmet bazaryny ösdürmek meseleleriniň ähmiýetini artdyrýar. Bilşimiz ýaly, geçen
ýylyň sentýabrynda “Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň
Konsepsiýasy” we bu Konsepsiýany amala
aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu
resminamasy zähmet bazaryny ýurdumyzda we dünýä giňişliginde bolup
geçýän durmuş-ykdysady özgertmelere uýgunlaşdyrmaga, ilatyň iş bilen
üpjünçiligi çygrynda döwlet syýasatyny oýlanyşykly amala aşyrmaga, zähmet
bazaryny döwrebap usullar arkaly düzgünleşdirmäge ýardam berýär. Mejlisde 2025-nji ýylda iri we orta
kärhanalarda jemi 7 müňe golaý täze iş orunlarynyň döredilendigi bellenildi. Munuň
özi Durnukly ösüş maksatlaryna doly gabat gelmek bilen, ol milli
ykdysadyýetimiziň maddy binýadynyň berkligini, ösüşe ukyplydygyny görkezýär.
Iş
bilen üpjünçilik ykdysady ösüşimiziň häzirki zaman ýagdaýyny häsiýetlendirýän
makroykdysady görkezijileriň biridir. Ol milli ykdysadyýetiň ösüş depginini üpjün edýän şert bolup durýar. Häzir zähmet
bazary bilen bagly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri
bolmagynda galýar.
Zähmet
adamlaryň barha artýan maddy we ruhy isleglerini kanagatlandyrmagyň ygtybarly
serişdesi bolup çykyş edýär. Umuman alnanda, iş bilen meşgullanmak raýatlaryň öz şahsy we jemgyýetçilik hajatlaryny kanagatlandyrmak bilen baglanyşykly ýerine
ýetirýän işidir, girdeji
getirmek häsiýeti bolsa bu
işiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Ýöne zä hmet çekmek diňe bir anyk işiň ýerine ýetirilmegi bilen
baglanyşykly bolman, eýsem, ol adam tebigatyna mahsus bolan has çuň häsiýetler
bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan seljerilende, bu
hadysanyň jemgyýetçilik, ykdysady we durmuş ähmiýeti has aýdyň ýüze çykýar.
Ýerine ýetirilýän işiň jemgyýete peýda getirmegi, ösüşe itergi bermegi hökmany
şertleriň biri bolup, ol islendik zähmetiň özenini düzýär. Mundan başga-da,
adamyň binýatlaýyn islegleriniň hatarynda durmuşda öz ornuňy tapmak, köpçülik
tarapyndan hormata eýe bolmak islegleri hem öz möhümligi bilen tapawutlanýar. Adam
bu isleglerini, köplenç halatda, öz saýlap alan hünäri arkaly amala aşyrýar,
ýagny onuň durmuşda eýeleýän orny, esasan, ýerine ýetirýän işine, hünärine,
zähmet ýoluna bagly bolýar. Şunda şahsyýet üçin iş bilen meşgullanmagyň durmuş
ähmiýetiniň ýokarydygy has aýdyň görünýär.
Hökümetiň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistany 2026-njy
ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» kabul
edilmegi, onda sebit syýasatyny mundan beýläk-de giň gerimde ilerletmek, ykdysadyýetiň
hususy böleginiň işjeňligini artdyrmak, senagat
kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly güýjünde peýdalanmak, täze iş
orunlaryny döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak çärelerine
uly orun berilmegi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly
at-myradyň mekany” ýylynda-da ykdysady we durmuş abadançylygymyzy berkitmäge
gönükdirilen işleriň dowam etdiriljekdigine ynamy güýçlendirýär. Maksatnama
laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş
jaýlaryny, 3 müň 380 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1 müň 80 orunlyk mekdebe
çenli çagalar edaralaryny ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şeýle hem şu ýyl
Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 30 sany ýaşaýyş jaýyny hem-de
köp sanly söwda we hyzmatlar öýlerini, Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaý
toplumynda 46 sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýyny, Aşgabatda 127 sany iki gatly
kottej görnüşli ýaşaýyş jaýyny, 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkeziň
ulanmaga berilmegine garaşylýar. Aşgabatda Halkara pediatriýa, Halkara
onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň we Stomatologiýa merkeziniň ulanylmaga
berilmegi, «Arçman» şypahanasynda bolsa 400 orunlyk täze binalar toplumynyň işe
girizilmegi lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleriniň we ugurlarynyň sanynyň
artjakdygyndan habar berýär.
Ýokarda durlup geçilen ugurlar boýunça gazanylan möhüm ähmiýetli
ösüşler ýurdumyzyň bedew bady bilen mundan beýläk-de öňe gitmegine ajaýyp
mümkinçilikleri döredýär.