Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 17-nji awgustynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem taraplar bilelikdäki çäreleri guramak bilen bagly meselelere seretdiler.

Gepleşikleriň barşynda iki döwletiň halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Şeýle-de amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri maslahatlaşylyp, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berildi.


Yza

Şeýle hem okaň