2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhet arkaly geçirilýän harytlar hem-de ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ulgamy doly güýjünde işläp başlady. Sanly ulgam arkaly maglumat alyşmaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasynda gazanylan ylalaşyga we onuň Tehniki şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berdi.
Bu ulgamyň girizilmegi harytlar we ulag serişdeleri ýurduň gümrük çägine gelmezden öň degişli maglumatlary almaga hem-de deslapky seljerme işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa gümrük edaralaryna zerur bolan amallary öňünden taýýarlamaga şert döredýär.
Täze sanly mümkinçilik daşaýjylar we daşary ykdysady işe gatnaşyjylar üçin uly ýeňillikleri getirýär. Ol gümrük amallaryna sarp edilýän wagty ep-esli azaldýar, ýükleriň serhet üsti geçirilmegini çaltlaşdyrýar, kagyz resminamalarynyň göwrümini çäklendirýär we halkara ýük daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Mundan başga-da, elektron maglumat alşygy iki döwletiň arasyndaky söwda statistikasynyň takyklygyny hem-de ygtybarlylygyny üpjün edýär. Bu ädim gümrük gullugynyň işini sanlylaşdyrmakda, eksport, import hem-de üstaşyr ýük daşamalaryny çaltlaşdyrmakda we Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda-ulag hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.