Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mugallymlary, bilim işgärlerini, talyplary we mekdep okuwçylaryny Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026 — 2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlady.
Gutlagda habar berlişi ýaly, baýramçylyk we täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Aşgabat we Türkmenabat şäherlerinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalarynyň açylyş dabaralary bolar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem täze döwrebap mekdepler we çagalar baglary açylar, ylmy-amaly maslahatlar, sport we medeni çäreler geçiriler.
Gutlagda bellenilişi ýaly, bilimler dünýäsine ilkinji gadam basýan mekdep okuwçylaryna «Bilimli» noutbuk kompýuterleri sowgat gowşurylar.
Ýaşlara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz yhlas bilen okamaga, döwlet we halkara ders olimpiadalarynda, şeýle-de sport we döredijilik festiwallarynda ýokary netijeleri gazanmaga çagyrdy. Mugallymlara we bilim işgärlerine bolsa döwlet Baştutanymyz hünär derejelerini yzygiderli kämilleşdirmegi, okuw işine ylmyň häzirki zaman gazananlaryny hem-de okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmagy, şeýle-de täze okuw kitaplaryny we okuw-usuly gollanmalary taýýarlamagy maslahat berdi.
Hormatly Prezidentimiz mugallymlara, talyplara we mekdep okuwçylaryna berk jan saglyk, abadan durmuş hem-de Watanymyz Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrunda okuwlarynda we alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.