«C5+1» Sekretariatynyň mejlisinde hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda 9-njy sentýabrda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky «C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynyň Sekretariatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda gatnaşyjylar formatyň mundan beýläk-de ösdürilmegi hem-de sebit gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň amaly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Mejlisiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine syn berildi we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibini giňeltmäge gönükdirilen täze teklipler seredildi. Şeýle hem öňde boljak duşuşyklara we bilelikdäki çärelere taýýarlyk görmek, guramaçylyk meselelerini ylalaşmak boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Taraplar «C5+1» formatynyň çäklerinde yzygiderli dialogyň sebit hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, möhüm minerallar, söwda we ulag ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmek, döwlet edaralarynyň hem-de bilermenler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.


Yza

Şeýle hem okaň