Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady serginiň ähmiýetini belledi

Aşgabatda 17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara we myhmanlara gutlag ýüzlenmesini iberdi. Döwlet Baştutanymyz öz ýüzlenmesinde serginiň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylan üstünlikleri, amala aşyrylan özgertmeleri we geljekki ösüşleriň ugurlaryny görkezmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Ýurdumyzda geçirilýän bu giň gerimli sergi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň, önümçilik mümkinçilikleriniň hem-de dürli pudaklarda gazanylan belent sepgitleriň aýdyň beýany bolup durýar. Onda milli ykdysadyýetiň esasy ugurlarynda alnyp barylýan işler, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, innowasion taslamalar we täze önümçilik mümkinçilikleri giňden görkezilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlagynda häzirki döwürde Türkmenistanyň ýokary depginler bilen ösýän, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan we durnukly ykdysady ösüş ýolundan ynamly öňe barýan döwlet hökmünde halkara giňişliginde giňden tanalýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutany Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan özgertmeleriň netijesinde senagat pudagynyň ösdürilendigini, oba hojalygynda düýpli özgertmeleriň geçirilendigini, önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylandygyny hem-de ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylandygyny belledi.

Sergide ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, importyň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, sanly ulgamlary ösdürmek boýunça gazanylan netijeler we durmuşa geçirilýän iri taslamalar öz beýanyny tapýar. Şeýle hem halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeler, täze şäherleriň we döwrebap ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygy görkezilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti öz ýüzlenmesinde ýurdumyzyň parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň, şeýle hem giň gerimli özgertmeleriň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine gönükdirilendigini belledi.


Yza

Şeýle hem okaň