Pekinde geçirilen parahatçylyk festiwalynda Türkmenistanyň medeni mirasy görkezildi

Pekiniň Parahatçylyk seýilgähinde 12-nji Halkara parahatçylyk festiwaly geçirildi. Ol Hytaýyň Halkara parahatçylyk gaznasy hem-de Pekiniň Halkara parahatçylyk medeniýeti gaznasy tarapyndan Türkmenistanyň we Awstriýanyň Hytaýdaky ilçihanalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guraldy. Çärä Hytaýda akkreditirlenen daşary ýurt ilçileri we diplomatlary, halkara guramalaryň wekilleri, alymlar hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdylar. Olar medeniýetara özara düşünişmegiň hem-de parahatçylygy ilerletmegiň ähmiýetini bellediler.

Festiwalyň çäklerinde dünýä jemgyýetçiligi üçin wajyp bolan meseleler boýunça çykyşlar edildi we pikir alyşmalar geçirildi. Olar konfliktli ýagdaýlary parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak, ählumumy dolandyryş, medeniýetara hyzmatdaşlyk, Beýik Ýüpek ýolunda medeni alyş-çalyşlar, ýaşlaryň ösüşi hem-de halkara ynsanperwer kömek meselelerine bagyşlandy.

Çäräniň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakdaky orny bellenildi. Bu gurama halkara parahatçylygyň binýady hem-de ähli halklaryň bähbitleriniň kepili bolup durýar. Aýratyn-da, döwletara jedelleri parahatçylykly ýol bilen çözmek meselelerinde BMG bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly kararnama konsensus arkaly kabul edildi. Resminamanyň awtordaşy bolup 78 döwlet çykyş etdi. Bu bolsa başlangyjyň giň halkara goldawa eýe bolandygyna şaýatlyk edýär.

Festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasy şu ýylyň şygaryna bagyşlanan giň gerimli fotosergini gurady. Şeýle-de milli däp-dessurlaryň baý mirasyny beýan edýän halk döredijiligi hem-de amaly-haşam sungaty önümleriniň sergisi guraldy. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň eserleri, ýurduň häzirki durmuşyny şöhlelendirýän fotosuratlar, medeni-taryhy ýadygärlikler, milli şaý-sepler hem-de türkmen medeniýetiniň beýleki nyşanlary görkezildi.

Sergi myhmanlara Türkmenistanyň taryhy hem-de medeni mirasynyň atmosferasyna aralaşmaga mümkinçilik berdi, şeýle-de häzirki zaman dünýäsinde däp bolan gymmatlyklary gorap saklamagyň hem-de wagyz etmegiň ähmiýetini nygtady.


Yza

Şeýle hem okaň