Awazada demografiýa we durnukly ösüş boýunça halkara maslahat geçirildi

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahat geçirildi. Bu giň möçberli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, BMG-niň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem abraýly hünärmenler gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Maslahatda ählumumy özgertmeler döwründe demografik prosesleriň döwletleriň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy faktordygyna üns çekildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurtda adamyň durmuşy we mertebesi iň ýokary gymmatlyk hökmünde kesgitlenip, enäni we çagany goramak boýunça "Ene mähri" merkezleri hem-de degişli milli strategiýalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Forumyň çäklerinde geçirilen mejlislerde ilat ýazuwynyň maglumatlaryny sanlylaşdyrmak, "akylly" we "ýaşyl" şäher standartlaryny ornaşdyrmak bilen bir hatarda oba ýerlerini toplumlaýyn ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bilime maýa goýumlary çekmek, bäsdeşlige ukyply ýaşlary taýýarlamak, ekologiýa durnuklylygyny saklamak we zähmet bazarynyň deňagramlylygyny üpjün etmek boýunça wajyp teklipler öňe sürüldi.

Halkara maslahatyň jemleri boýunça millli demografik syýasaty kämilleşdirmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen Jemleýji resminama kabul edildi. Foruma gatnaşyjylar döredilen ajaýyp şertler we ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.


Yza

Şeýle hem okaň