Lebap welaýatynyň Zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Saýat
etrabynyň S.Nyýazow
köçesiniň 31-nji jaýynda ýerleşýän Saýat şäher geňeşliginiň edara binasynda sagat 09:00-dan 11:00-a çenli boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Saýat etrabynyň S.Nyýazow köçesiniň 31-nji jaýy,
Saýat şäher geňeşliginiň edara binasy.
Habarlaşmak üçin:
(800447) 2-35-11.