Türkmenistan Bütindünýä medeniýetara dialog forumyna gatnaşdy

Baku şäherinde geçirilýän Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna Türkmenistanyň Medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradaliýewiň baştutanlygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Türkmenistanyň medeniýet edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda milli gymmatlyklary gorap saklamak, medeni mirasy geljekki nesillere ýetirmek hem-de medeniýetara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Ministr Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň milli däp-dessurlary, taryhy mirasy we medeni özboluşlylygy gorap saklamaga gönükdirilendigini nygtady. Şunda milli gymmatlyklary dikeltmekde hem-de goramakda bilimiň we ýaşlaryň eýeleýän eýeçilik ornunyň wajypdygy bellenildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaşlary ekologik başlangyçlara, syýahatçylyk taslamalaryna we medeni ýadygärlikleri dikeltmek işlerine işjeň gatnaşyp, durnukly ösüşe öz goşantlaryny goşýarlar.

Şeýle hem çykyşda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ile özara ynamy pugtalandyrmakda amatly binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi. Medeni köpdürlüligiň ähmiýeti hakynda durup geçmek bilen, ministr her bir halkyň diline we mirasyna hormat goýmagyň jemgyýetçilik ylalaşygynyň esasy şertidigini aýtdy.

Milli medeniýetiň parahatçylykly we durnukly ösüş üçin berk binýatdygyny nygtan G. Myradaliýew medeniýetiň halklary ýakynlaşdyrýan we özara düşünişmegi berkidýän möhüm serişde bolup durýandygyny ýene bir gezek tassyklady. 


Yza

Şeýle hem okaň