2026-njy ýylyň 26–28-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekiliýeti şäheriň häkimi Rahym Gandymowyň ýolbaşçylygynda Pusan şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçirilen 2-nji Bütindünýä şäher syýahatçylygy sammitine gatnaşdy. Sammit Pusan şäheriniň häkiminiň çakylygy boýunça geçirildi.
«Ýerli syýahatçylyk: şäher ykdysadyýeti bilen syýahatçylyk innowasiýalarynyň arabaglanyşygy» şygary astynda geçirilen sammite 16 ýurtdan 31 şäheriň, halkara guramalaryň, bilermenler jemgyýetiniň we syýahatçylyk pudagynyň wekilleri gatnaşdylar.
26-njy oktýabrda häkimleriň «tegelek stolunyň» çäklerinde R. Gandymow Aşgabadyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini tanyşdyryp, onuň Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty we halkara çäreleri geçirmek üçin möhüm merkez hökmünde ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyna, şol sanda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärliklere aýratyn üns berildi.
Aşgabat şäheriniň häkimi şäherleriň arasynda syýahatçylyk, medeni alyş-çalyş we bilelikdäki çäreleri guramak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky teklipleri öňe sürdi hem-de sammite gatnaşyjylary Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Şol gün R. Gandymow Pusan şäheriniň häkimi Çon Je Su bilen duşuşdy. Taraplar iki şäheriň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň, syýahatçylyk infrastrukturasy we sanly hyzmatlar babatda tejribe alyşmagyň, şeýle hem medeni we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
27-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti ýerli syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyga we Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýanyň syýahatçylyk bazarlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge bagyşlanan ýörite mejlise gatnaşdy. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Aşgabadyň syýahatçylyk mümkinçilikleri, döwrebap infrastrukturasy we taryhy-medeni gözel ýerleri tanyşdyryldy.
Sammitiň çäklerinde geçirilen «Global City Tourism Roadshow» atly halkara sergide Türkmenistan aýratyn diwarlyk bilen çykyş edip, ýurduň taryhy we medeni mirasyny, milli däp-dessurlaryny hem-de Aşgabadyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini tanyşdyrdy.