Türkmenistan metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Türkmenistan metan zyňyndylaryny azaltmak, daşky gurşawa antropogen täsiri peseltmek we energetika pudagynda ekologik taýdan arassa çözgütleri ornaşdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär. Bu ugurlar Aşgabatda 29–30-njy oktýabrda geçirilýän «Metan baradaky maglumatlardan hereketlere: Merkezi Aziýada metan zyňyndylaryny dolandyrmagy güýçlendirmek, maýa goýumlary herekete getirmek we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly Sebit konferensiýasynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Forum Merkezi Aziýanyň Sebit Ekologiýa merkezi (CAREC) tarapyndan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Global Methane Hub (GMH) guramasynyň goldawy bilen guraldy. Çäre nebitgaz pudagynda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça mümkinçilikleri artdyrmaga gönükdirilen CA CBMER taslamasynyň çäklerinde geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ekologiýa we suw meseleleri boýunça geňeşçisi Magtymguly Akmyradow ýurduň klimat gün tertibindäki esasy ugurlary barada çykyş etdi. Ol metan zyňyndylaryny azaltmagyň howanyň üýtgemegine garşy göreşde möhüm ähmiýete eýedigini belläp, bu ugurda toplumlaýyn çäreleriň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň wekili ýurdumyzyň baý energetika serişdelerine eýe bolmagyna garamazdan, nebit-gaz, energetika we ulag pudaklarynda ekologik taýdan arassa hem-de serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berýändigini aýtdy. Bu ugurdaky döwlet syýasaty Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa we degişli kanunçylyk binýady esasynda amala aşyrylýar.

Çykyşda Türkmenistanyň Pariž klimat ylalaşygynyň işjeň gatnaşyjysy bolup durýandygy, şeýle hem 2023-nji ýylda Ählumumy Metan borçnamasyna goşulyp, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tagallalara goşant goşýandygy bellenildi.

Şeýle hem ýurtda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Bu ugurda gün we ýel energetikasynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak boýunça işler alnyp barylýar. Balkan welaýatynda gurulýan gibdrid gün we ýel elektrik stansiýasy hem-de uzak sebitlerde ornaşdyrylýan awtonom energiýa ulgamlary bu ugurdaky möhüm taslamalaryň hatarynda görkezildi.

Türkmenistan howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça maksatlaryna ýetmek ugrunda Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, halkara maliýe we ekologik guramalar hem-de ylmy jemgyýetçilik bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Sebit konferensiýasy Merkezi Aziýada metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça tejribe alyşmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we ekologiýa taýdan durnukly ösüş üçin täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini kesgitlemek babatda möhüm meýdança öwrüldi.


Yza

Şeýle hem okaň