Türkmenistan ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we sanly maliýe tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleri alyp barýar

Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank toplumynda makroykdysady durnuklylygy saklamak, önümçilikleri innowasion esasda ösdürmek hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu barada 31-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berildi.

Hökümetiň mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ykdysadyýet we maliýe ulgamynda alnyp barylýan görnetin işler hem-de milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi barada döwlet Baştutanyna giňişleýin hasabat berdi.

Wise-premýeriň bellemegine görä, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga we senagat-innowasion ösüşini üpjün etmäge iri möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär. Munuň netijesinde täze önümçilik hem-de durmuş maksatly desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär, ilat üçin täze iş orunlary döredilýär. Şeýle hem bank we ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak, sanly maliýe tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, zähmet gatnaşyklaryny hem-de durmuş goraglylygyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler amala aşyrylýar. Mundan başga-da, halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we statistika hem-de standartlaşdyryş ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça netijeli ädimler ädilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy durnukly ösdürmekde hem-de býujet-salgyt ulgamyny döwrebap kämilleşdirmekde ykdysady toplumyň möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda bellenilen planlary ýokary derejede berjaý etmek we toplumyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.


Yza

Şeýle hem okaň