Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesi berildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde 19–20-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň güýzki mejlisi parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýetli çözgütleriň kabul edilen meýdançasyna öwrüldi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesiniň berilmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Bu barada milli kanunçykaryjy edaranyň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk, ynanyşmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýar. «Açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan dünýä döwletleri we iri halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen birlikde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär.

Türkmenistanyň GDA agza döwletler bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda alyp barýan gatnaşyklary özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýar. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlykda parlamentara dialogyň orny has-da ýokarlanyp, kanun çykaryjy edaralaryň arasynda tejribe alyşmak, hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça täze mümkinçilikler döredilýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň häzirki wagtda Parlamentara Bileleşiginiň we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň agzasy hökmünde halkara parlament diplomatiýasynda toplap gelen baý tejribesi ýurdumyzyň dünýä parlament giňişligindäki işjeň ornuny tassyklaýar. Bu tejribe sebitara we halkara guramalaryň çäklerinde döwletara gatnaşyklary ösdürmäge, parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga giň ýol açýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesiniň berilmegi ýurdumyzyň parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu dereje Türkmenistanyň milli parlamentine Arkalaşyga agza döwletleriň kanun çykaryjy edaralary bilen dialogy has-da işjeňleşdirmäge, kanun çykaryjylyk işinde toplanan öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge we özara alyşmaga, şeýle hem parlamentara gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny ösdürmäge goşmaça mümkinçilikleri döredýär.

Şeýle hem bu çözgüt GDA giňişliginde döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara düşünişmek gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga, parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak arkaly sebitdäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm goşant goşar. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan başlangyçlarynyň GDA giňişliginde hem giň goldaw tapmagy bolsa ýurdumyzyň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezýär.


Yza

Şeýle hem okaň