2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň ulag baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly halkara maslahat öz işine başlady. Forum 26-27-nji noýabrda geçirilýär. Ony Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça Maslahat beriji geňeşiniň ýardamy bilen gurady.
Maslahaty Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapow gutlag sözi bilen açdy. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň adyndan maslahata gatnaşyjylara Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew ýüzlendi. Gutlag çykyşlarynda Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň zähmet ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti nygtaldy.
Maslahatyň işine GDA gatnaşyjy döwletleriň döwlet edaralarynyň, ylmy we bilim edaralarynyň, ulag we logistika kompaniýalarynyň, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Wekiliýetleriň bir bölegi maslahata wideoaragatnaşyk arkaly goşuldy.
Forumyň maksady — ykdysadyýetleriň sanlylaşdyrylmagy hem-de ulag-logistika taýdan özara baglanyşyk şertlerinde zähmeti kadalaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak we öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak, hyzmatdaşlygy, dialogy we integrasiýa gatnaşyklaryny pugtalandyrmak. Maslahat GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 2026-njy ýylyň 26-njy iýunyndaky Çözgüdi bilen tassyklanan Zähmeti kadalaşdyrmak ulgamynda GDA gatnaşyjy döwletleriň hyzmatdaşlygynyň Konseptual esaslaryny durmuşa geçirmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin esasy çäreleriň Meýilnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Günüň maksatnamasynda umumy mejlis, mowzuklaýyn çykyşlar we Kararnamanyň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.
Forumyň açylyşy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä durnukly ulag gününe — 26-njy noýabra gabat geldi. 2026-njy ýylda Türkmenistan GDA-da başlyklyk edýär. 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl Arkalaşykda «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýlip yglan edildi.