Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan durmuş-ykdysady
özgertmeler ýurdumyzyň her bir raýatynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, durmuş derejesini
ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň geçen ýylky mejlisinde eden çykyşynda: «Ykdysadyýetimiziň
pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler ilatyň iş bilen üpjünçiligini
gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň
zähmet bazaryny 2030-njy
ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmegi zerur hasaplaýaryn. Bu
Konsepsiýa iş üpjünçiligi boýunça halkara guramalar, daşary ýurtlar bilen
hyzmatdaşlygy giňeltmekde, hususan-da, Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) konwensiýalaryna goşulmakda möhüm
ädim bolar diýip pikir edýärin» diýip belläpdi.
Mälim
bolşy ýaly, Milli Liderimiziň
aýdanlaryndan ugur alnyp taýýarlanylan, golaýda hormatly Prezidentimiziň gol
çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla
çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de bu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça
ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy hem ýurdumyzda zähmet bazaryny mundan
beýläk-de kämilleşdirmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge
gönükdirilendir. Munuň özi zähmet bazaryny ösdürmek bilen bagly meseleleriň
hemişe üns merkezinde durýandygynyň güwäsidir. Konsepsiýada milli zähmet
bazaryny ösdürmek boýunça maksatlar, ýurdumyzyň demografik ýagdaýyna, ykdysady
mümkinçiliklerine we ählumumy meýillere laýyklykda zähmet gorlaryny amatly
ulanmak ýaly möhüm wezipeler, esasy ýörelgeler anyk kesgitlenilýär. Şeýle hem
onda zähmet bazarynyň ösdürilmegi, zähmet gatnaşyklary, ilatyň iş bilen
üpjünçiligi çygrynda kanunçylygy kämilleşdirmek, zähmeti goramak we zähmete hak
tölemek ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak, sanly hyzmatlary giňden ulanmak,
beýleki ýurtlar we halkara guramalar, şol sanda Halkara Zähmet Guramasy bilen
hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly ulgamlaýyn meseleleriň üstünde işlemek göz öňünde
tutulýar.
Konsepsiýa
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň durmuş goraglylygyny
pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işlerden ugur alýar. Onuň esasy maksady
zähmet bazaryny uzak möhletli ösdürmegiň maksatnamalaýyn çärelerini işläp
düzmekden ybaratdyr. Bu resminamanyň işlenip taýýarlanylmagynyň birnäçe
durmuş-ykdysady we demografik sebäpler bilen şertlendirilendigini aýratyn
bellemek gerek. Bilşimiz ýaly, ilatyň ösüşi bilen bagly demografik şertler,
ýagny zähmet gorlarynyň düzümi zähmet bazaryndaky ýagdaýa özüniň täsirini
ýetirýär. Türkmenistanda zähmete ukyply ýaşdaky ilat zähmet gorlarynyň
düzüminiň esasy bölegini emele getirýär. Häzirki döwürde olaryň paýy 98,5
göterime deňdir. Zähmet gorlarynyň sanynyň her ýylda, ortaça, 1,0 göterim
ýokarlanmagy ýurdumyzda demografik ýagdaýyň amatly derejesini görkezýär.
Eýeçiligiň
görnüşlerine baglylykda, iş bilen meşgullygyň düzümi zähmet bazaryndaky ýagdaýy
häsiýetlendirmäge mümkinçilik berýär. Häzir ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli
pudaklarynda iş bilen meşgullanýan ilatyň 23,9 göterimi döwlet kärhanalarynda,
galan 76,1 göterimi bolsa hususy pudakda zähmet çekýär. Her ýylda täze iş
orunlarynyň müňlerçesiniň döredilmegi ýurdumyzyň infrastrukturasyny ösdürmäge,
zähmet bazaryny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge,
raýatlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we umumy ykdysady durnuklylygy
gazanmaga ýardam berýär.
Tehnologik
ösüşde, ykdysady we dolandyryş ulgamlarynda, durmuş gatnaşyklary çygrynda bolup
geçýän özgerişlikler zähmet bazarynyň subýektleriniň arasynda ýüze çykýan
gatnaşyklara hem öz täsirini ýetirýär. Häzir emeli aň we sanly tehnologiýalar
durmuşymyzda oňyn beýanyny tapýar. Awtomatika, maglumatlary derňemek we sanly
platformalaryň ýaýramagy täze hünärleriň döremegine getirýär. Mysal üçin,
häzirki döwürde programmirleme, maglumat seljermesi we kiberhowpsuzlyk ýaly
hünärler dünýäde iň köp isleg bildirilýän hünärleriň hataryna girýär.
Ýurdumyzyň zähmet bazarynda hem täze hünärleriň döremegi, işiň täze
görnüşleriniň kemala gelmegi döwrüň talaby bolup durýar. Bu üýtgeşmelere
uýgunlaşmak üçin zähmet bazaryny kämilleşdirmek, hususy pudagy ösdürmek, sanly
hyzmatlary giňeltmek we halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça netijeli işler
durmuşa geçirilýär. Bu çäreler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň
durnukly ösmegine, raýatlaryň häzirki zaman zähmet bazarynda bäsdeşlige
ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam bermek bilen bir hatarda, zähmet çygrynda
hereket edýän milli kanunçylygy hem döwrüň talabyna laýyk getirmegi talap
edýär. Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň
meýilnamasynda bu ugurda edilmeli işler bellenilip, ol öňde duran wezipeleri
üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilendir.
Ilatyň iş bilen
üpjünçiligi çygryndaky kanunçylyk namalary Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen
edarasy bolan Halkara Zähmet Guramasynyň ölçeglerine, kadalaryna, şeýle hem
ýurdumyzyň ykdysady ösüşine we milli aýratynlyklaryna laýyklykda yzygiderli
kämilleşdiriler. Şeýle hem boş iş orunlary we işgärlere bolan zerurlyk baradaky
maglumatlaryň elýeterli bolmagyny üpjün etmek, onuň usulyýetini kämilleşdirmek
boýunça işleri dowam etdirmek, ýurdumyzyň zähmet bazaryny öwrenmegiň we iş
üpjünçiligi bilen bagly maglumatlary seljermegiň usullaryny, bu ugurda hereket
edýän hasabatlaryň görnüşlerini halkara tejribä laýyklykda kämilleşdirmek
meýilleşdirilýär.
Bilşimiz ýaly,
Türkmenistan 1993-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Halkara Zähmet Guramasynyň
agzasy bolup, şondan bäri hem onuň bilen hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär.
Ýurdumyz bu guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde binýatlyk konwensiýalaryň
ählisine goşuldy. HZG häzirki wagtda durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermek,
adamlaryň maddy ýagdaýyny ýokarlandyrmak, zähmet şertlerini gowulandyrmak,
adamyň hukuklaryny goramak ýaly maksatlara aýratyn üns berýär. Bu maksatlar
zähmet çygrynda hukuklary we binýatlyk ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmak, mynasyp
iş üpjünçiligini gazanmak üçin aýallaryň we erkekleriň mümkinçiliklerini
giňeltmek, durmuş üpjünçiliginiň netijeliligi we onuň hemmeleri gurşap almagy,
üçtaraplaýyn gepleşikleri we durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly strategik
wezipeleriň durmuşa geçirilmegi bilen amala aşyrylýar hem-de Halkara Zähmet
Guramasynyň halkara resminamalarynda aýratyn kesgitlenilýär.
Bu gurama
Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy hökmünde zähmet
gatnaşyklaryny we durmuş üpjünçilik meselelerini düzgünleşdirýän köptaraplaýyn
halkara düzüm bolup durýar. Türkmenistan onuň konwensiýalaryndan gelip çykýan
borçnamalara ygrarly bolup, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli
kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýar. Konstitusiýada,
Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksde, Zähmet kodeksinde, «Ilatyň iş
bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we beýleki kanunçylyk
namalarynda HZG-niň konwensiýalaryndan gelip çykýan ýörelgeler beýanyny tapýar.
Ýurdumyzda
durmuş syýasatynyň zähmet gatnaşyklary bilen utgaşykly ösdürilmegi möhüm
ähmiýete eýedir. Çünki zähmet gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi halkymyzyň
durmuş-ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrýar, ilatyň iş bilen üpjünçilik
meselesiniň çözülmegine ýardam berýär. Şu nukdaýnazardan, Halkara Zähmet
Guramasynyň üçtaraplaýynlyk ýörelgesiniň milli kanunçylyga ornaşdyrylýandygynyň
subutnamasy hökmünde 2018-nji ýylyň oktýabrynda kabul edilen «Durmuş-zähmet
gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda»
Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolar. 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan
herekete girizilen bu Kanun durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek
boýunça üçtaraplaýyn topary döretmegiň hem-de onuň işiniň hukuk esaslaryny
kesgitleýär. Munuň özi HZG-niň konwensiýalaryndan gelip çykýan ýörelgelere
ýurdumyzyň ygrarlydygyny ýene-de bir gezek subut edýär.
«Türkmenistanyň
zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde
tutulan wezipeler, şol sanda zähmet bazaryndaky gatnaşyklary oňyn
düzgünleşdirmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini, durmuş goraglylygyny, iş
üpjünçiligini ýokarlandyrmak, bu ugurdaky kanunçylygy, zähmet gatnaşyklarynyň
düzgünleşdirilmegini we zähmete hak tölemegiň usulyny kämilleşdirmek,
ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly çäreler ähli pudaklarda zähmet gorlaryny netijeli
dolandyrmaga gönükdirilendir. Konsepsiýanyň kabul edilmegi ilatyň durmuş taýdan
goraglylygyny mundan beýläk-de üpjün etmekde, zähmet bazaryny uzak möhletli
ösdürmegiň maksatnamalaýyn çärelerini işläp düzmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzda
üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, milli maksatnamalaryň hem-de ägirt
uly taslamalaryň ählisiniň özeninde döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary
gymmatlygy bolan adam hakdaky alada dur. Halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşda
ýaşamagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä
ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Batyr
GURBANNAZAROW,
Türkmenistanyň
Zähmet we ilaty durmuş taýdan
goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş
üpjünçilik
müdirliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.
TÜRKMENISTAN
gazeti 239 (31508).
2025-nji ýylyň 11-nji sentýabry.