Ýurdumyzda
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda
hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda mynasyp dowam etdirilýän
bazar ykdysadyýetiniň durmuş ugurly nusgasyny döretmek strategiýasy
zähmet gatnaşyklary bilen baglanyşykly meselelere täzeçil çemeleşmeleri
talap edýär. Ilatyň işjeň bölegini düzýän zähmet gorlaryny netijeli
dolandyrmak häzirki döwürde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň esasy
maksatlarynyň biri bolup durýar. Olaryň düzüminde zähmete ukyply ýaşdaky
raýatlaryň sany agdyklyk edýär. Türkmenistany senagatlaşdyrmak boýunça
syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, onuň innowasion ösüşi
nazara alnyp, ilatyň iş bilen üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzda ykdysady özgertmeleriň has giň gerime eýe bolmagy bilen,
adamyň öz ukyplaryna eýelik etmek hukugyna esaslanýan zähmet bazary
kemala gelýär.
Şu ýylyň 5-nji sentýabrynda sanly ulgam arkaly
geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň Karary bilen «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla
çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy bu ugurda möhüm ädim boldy.
Hökümet mejlisinde bellenilişi ýaly, bu resminama türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň 2024- nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beren tabşyrygyna laýyklykda
işlenip taýýarlanyldy. Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek boýunça tutumly başlangyçlardan, giň gerimli özgertmelerden,
ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça
durmuşa geçirilýän işlerden ugur alyp, zähmet bazaryny uzak möhletli ösdürmegiň
maksatnamalaýyn çärelerini işläp düzmekden ybaratdyr. Şunda zähmet bazaryndaky
gatnaşyklary oňyn düzgünleşdirmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini, durmuş
goraglylygyny, iş üpjünçiligini gowulandyrmak, bu ulgamyň kanunçylygyny
kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda zähmet öndürijiligini
ýokarlandyrmak, zähmet gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilmegini, zähmete hak
tölemegiň usulyny kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda Halkara
Zähmet Guramasy (HZG) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek esasy wezipeleriň hatarynda
kesgitlenildi.
Konsepsiýanyň esasy düzgünlerine syn bermezden
ozal, Türkmenistanda bu ulgamda gazanylan üstünlikler barada durup geçmek
zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň we
hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça zähmet ulgamynda, raýatlary iş
bilen üpjün etmekde amala aşyrylýan özgertmeleri bellemelidiris. Hususan-da,
zähmet gatnaşyklary, zähmeti guramak, zähmete hak tölemek, iş bilen üpjünçilik,
durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak babatda döwlet syýasatyny
üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek
maksady bilen, 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan
goramak ministrligi döredildi. Şunuň bilen birlikde, ykdysadyýetimiziň
pudaklarynyň işçi güýjüne bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatyň iş bilen
üpjünçiligini gowulandyrmak, raýatlary hünäre ugrukdyrmak babatdaky işleri
kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň sebitlerinde zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi edaralary döredildi. Bu düzümlerde iş gözleýänleri hasaba almagyň,
olary işe ýerleşdirmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň tertibi
kämilleşdirildi, şeýle-de iş berijilerde bar bolan boş iş orunlary baradaky
maglumatlary jemlemek ýola goýuldy.
Iş gözleýän adamlara bar bolan boş iş
orunlarynyň hödürleniş çärelerini guramagyň tertibi tassyklanyp, oňa laýyklykda
şäherlerde, etrap merkezlerinde şeýle çäreler yzygiderli geçirilip başlandy.
Durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän we zähmet bazarynda deň şertlerde
bäsdeşlige ukypsyz raýatlary işe ýerleşdirmek üçin iş berijilere paýy
bellemegiň tertibi hakynda Düzgünnamanyň işlenip taýýarlanylmagyny, raýatlaryň
şeýle toparyna degişli adamlary ileri tutmak arkaly işe ýerleşdirmek düzgüniniň
girizilendigini bu ugurda edilen anyk işleriň hatarynda görkezmek bolar.
Türkmenistanda alnyp barylýan işjeň maýa goýum syýasatynyň we maksatnamalaýyn
özgertmeleriň soňky ýyllarda her ýyl müňlerçe täze iş orunlarynyň döremegine
mümkinçilik berendigini nygtamak gerek. Şunuň bilen bir hatarda, ilatyň iş
bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň öndüriji güýçlerini
ösdürmek, iş üpjünçilik babatdaky kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça
çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy
ýylyň 14-nji oktýabryndaky Karary bilen «Maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş
üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň Türkmenistanda doly durmuşa geçirilmegini
üpjün etmek üçin 2017 — 2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriň
Meýilnamasy» tassyklanyldy hem-de üstünlikli amala aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiziň çözgütlerine
laýyklykda, ýurdumyzda her ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek
pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň artdyrylýandygy
guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu ugurdaky işler ilatyň durmuş derejesini has-da
gowulandyrmak, önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny maddy taýdan
höweslendirmek ýaly möhüm wezipeleri hasaba almak arkaly amala aşyrylýar.
Bularyň ählisi raýatlaryň girdejileriniň artmagyna, netijede, olaryň satyn
alyjylyk ukybynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018- nji ýylyň
30-njy noýabryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji
ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipelere
laýyklykda, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň
web saýty döredilip, onuň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu
ulgamyň işine sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylyp, ilat
üçin hödürlenilýän hyzmatlaryň sany artdyrylýar. Ministrligiň web saýtynyň
binýadynda «Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi» sahypasy döredildi.
Bu sahypada kärhanalar, edaralar we guramalar, aýry-aýry fiziki şahslar —
hususy telekeçiler üçin özlerinde bar bolan boş iş orunlary, olar üçin zerur
hünärmenler, işçiler barada maglumatlary ýerleşdirmek arkaly iş gözleýänleriň
dykgatyna ýetirmek mümkinçiligi, iş gözleýänlere bolsa hödürlenen boş iş
orunlaryna görä öz bilimleri, iş tejribesi, işlemek isleýän işleri barada
maglumatlary girizip, işe ýerleşmek mümkinçiligi döredildi. Web saýt arkaly iş
berijileriň özlerinde bar bolan boş iş orunlary baradaky hasabatlaryny, döwlet
pensiýa ätiýaçlandyrma ulgamynda iş berijileriň — ätiýaçlandyrýanlaryň
özlerindäki ätiýaçlandyrylan şahslar baradaky hasabatlaryny onlaýn tertipde
tabşyrmaklaryna mümkinçilik döredildi. Ulgamyň işi bilen bagly sanly
hyzmatlaryň başga-da birnäçesiniň işi ýola goýuldy.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan
üstünlikler we depginli durmuşykdysady ösüşler ilatyň ýaşaýyş-durmuş
derejesiniň ýokarlanmagynda öz beýanyny tapýar. Milli ykdysadyýetimiziň
yzygiderli pugtalandyrylmagy, işjeň maýa goýum syýasaty esasynda täze
önümçilikleriň açylmagy, amatly işewürlik gurşawynyň döredilmegi raýatlaryň
durmuş goraglylygyny berkitmäge, ilatyň maddy-durmuş şertlerini gowulandyrmaga,
hususan-da, iş bilen üpjünçiliginiň derejesiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik
berýär. Munuň özi döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugrunyň milli
ykdysadyýetiň depginli ösüşini üpjün etmek bilen bir hatarda, ilatyň
hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendigini hem aýdyň görkezýär. Dünýä
tejribelerini, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak
bilen, zähmet kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi ilaty iş bilen üpjün etmek
ulgamynyň netijeli hereket etmeginiň esasy şertleriniň biridir. Şunuň bilen
baglylykda, bu ulgamda hereket edýän hukuk namalary, şol sanda «Ilatyň iş bilen
üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny aýratyn ähmiýete eýedir. Bu Kanun
ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady,
guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
Zähmet bazaryny ösdürmek boýunça täze
Konsepsiýanyň esasy düzgünleri barada aýdylanda, ilkinji nobatda, BMG-niň
ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara Zähmet Guramasynyň ölçeglerini we
kadalaryny, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini, milli aýratynlyklaryny hasaba
almak bilen, degişli kanunçylyk namalaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek
boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini bellemek gerek. Şunuň bilen birlikde, iş
berijilerde bar bolan boş iş orunlary, işgärlere bolan zerurlyklary baradaky
maglumatlaryň iş gözleýän adamlar üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmek we onuň
usulyýetini kämilleşdirmek işleri dowam etdiriler. Şeýle hem ýurdumyzyň zähmet
bazaryny öwrenmegiň, iş üpjünçilik bilen bagly maglumatlary seljermegiň
usullary, bu ugurda hereket edýän hasabatlaryň görnüşleri kämilleşdiriler.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda halkara
zähmet bazarynda işçi güýjüne bolan isleg barha artýar. Şundan ugur alyp,
ýurdumyzyň daşary ýurtlarda işlemäge isleg bildirýän raýatlarynyň isleglerini
kanagatlandyrmak, olaryň hukuklaryny goramak we degişli işleri utgaşdyrmak
maksady bilen, Türkmenistanyň raýatlarynyň halkara zähmet bazaryna çykmagy
bilen bagly işleri dolandyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen şertnamalary
baglaşmak we işçi güýjüniň taýýarlygyny üpjün etmek ýaly möhüm wezipeleri
düzgünleşdirmek boýunça çäreleriň üstünde işleniler. Dünýäde emeli aňyň, sanly
tehnologiýalaryň, ylmyň, bilimiň barha ösmegi, haryt bazarynda bäsdeşligiň
artmagy, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýynyň ýokarlanmagy, sanly
tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy zähmet bazarynda täze başarnyklaryň,
işiň täze görnüşleriniň kemala gelmegini hem-de olar üçin amatly şertleriň
döredilmegini talap edýär. Mundan başga-da, Konsepsiýada zähmet bazaryny
ösdürmek bilen bagly pudaklaryň işini utgaşdyrmak, iş üpjünçilik edaralarynyň
işini kämilleşdirmek, olara usuly gollanmalary bermek, ýerine ýetirilýän sanly
hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmek göz öňünde
tutulýar.
Işgärleriň saglygyny we ömrüni goramak
çäreleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, resminamada zähmet
şertlerine baha bermek işleri amala aşyrylar. Ýakyn geljekde zähmet
kanunçylygynyň berjaý edilişini, işgärleriň iş ýerlerinde howpsuz we sagdyn
zähmet şertlerine bolan hukuklarynyň, kanunçylykda bellenen beýleki
kepillikleriniň üpjün edilişini berkitmek, oňa gözegçilik etmek maksady bilen,
degişli döwlet edaralarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak we olaryň
ygtyýarlyklaryna seretmek meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz hünärmenleriň
hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak meselesine hemişe ünsi çekýär. Hormatly
Prezidentimiziň bu babatda beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, Konsepsiýada
hünärmenleriň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak üçin ýörite okuwlary guramak,
olaryň daşary ýurt tejribelerini öwrenmeklerini üpjün etmek ileri tutulýan
wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Zähmet haky her bir ýurduň, her bir işgärler
toparynyň, adamyň esasy durmuş-ykdysady görkezijileriniň biri bolup durýar.
Çünki ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi onuň möçberine baglydyr. Şunuň bilen
baglylykda, 2030- njy ýyla çenli döwürde zähmetiň önümçilik ösüşiniň depginine
we işçi güýjüniň hiline laýyk gelýän, zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyň
sazlaşygyny üpjün edýän, işgärleriň, iş berijileriň we döwletiň özara
gatnaşyklary bilen zähmet bazaryny sazlaýan netijeli gurluşy döretmekde aýlyk
haklarynyň durnukly ýokarlandyrylmagyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam
etdiriler. Zähmet hakynyň satyn alyjylyk ukybyny artdyrmagyň usullarynyň
biri-de onuň iň pes möçberini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen
baglylykda, Konsepsiýada Halkara Zähmet Guramasynyň kadalaryna laýyklykda, iň
pes zähmet hakyny bellemegiň we ýokarlandyrmagyň binýatlyk esaslaryna eýerilip,
onuň ilatyň durmuş goraglylygynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine täsirini
artdyrmak göz öňünde tutulýar.
Konsepsiýanyň esasy wezipeleriniň biri halkara
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Bu baradaky gürrüňi dowam edip,
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasatynda abraýly halkara guramalar,
ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümine girýän edaralar
bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini bellemek
gerek. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrligi BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy, onuň düzümine girýän
guramalar, şol sanda Halkara Zähmet Guramasy bilen zähmet we durmuş üpjünçiligi
meseleleri boýunça ýakyndan aragatnaşyk saklaýar. Olar bilen bilelikde
ýurdumyzda birnäçe taslamalar durmuşa geçirildi.
Häzirki wagtda Halkara Zähmet Guramasynyň işi
durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermäge, adamlaryň maddy hal-ýagdaýyny
ýokarlandyrmaga, zähmet şertlerini gowulandyrmaga, adamyň hukuklaryny goramaga
gönükdirilendir. Bu maksatlar zähmet çygrynda hukuklary we binýatlyk
ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmak, mynasyp iş bilen üpjünçiligi gazanmak üçin
zenanlardyr erkekleriň mümkinçiliklerini giňeltmek, durmuş üpjünçiliginiň
netijeliligi, üçtaraplaýyn gepleşikleri we durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly
strategik wezipeleriň durmuşa geçirilmegi bilen amala aşyrylýar. Türkmenistan
1993-nji ýyldan bäri HZG-niň agzasy bolmak bilen, onuň konwensiýalarynyň
11-sine goşuldy. Ýurdumyz şol konwensiýalardan gelip çykýan borçnamalara
ygrarly bolup, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga
ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýar. Türkmenistanyň
Konstitusiýasynda, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksinde, Zähmet
kodeksinde, «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Kanunda we beýleki kanunçylyk
namalarynda Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryndan gelip çykýan
ýörelgeler beýan edildi. 2018- nji ýylda kabul edilen «Durmuş-zähmet
gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda»
Türkmenistanyň Kanuny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlary bilen HZG-niň
halkara zähmet kadalaryny ulanmaga ýardam bermek boýunça üçtaraplaýyn geňeşmeler
hakynda Konwensiýanyň tassyklanylmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistanda Halkara Zähmet Guramasynyň
birnäçe möhüm resminamalaryna goşulmak boýunça işler dowam etdirilýär. Şunuň
bilen baglylykda, Konsepsiýada geljek ýyllarda deňhukuklylyk we birek-birege
hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan halkara
hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkara guramalar we beýleki döwletler bilen zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi ulgamlaryny ösdürmekde işjeň hyzmatdaşlygy
ösdürmek göz öňünde tutulýar.
Konsepsiýanyň baplarynyň biri onda kesgitlenen
wezipeleri amala aşyrmakdan garaşylýan netijelere bagyşlanýar. Resminamada
bellenilişi ýaly, göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda zähmet
bazarynyň has-da ösdürilmegine, zähmet gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegine,
ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna ýardam eder.
Şunuň bilen birlikde, bu ulgamda kanunçylyk namalarynyň döwrüň talabyna
laýyklykda kämilleşdiriljekdigi, degişli hasabatlaryň görnüşleriniň
täzeleniljekdigi, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bilen baglanyşykly
ulgamy dolandyrmagyň täze institutlaryny döretmegiň üstünde işleniljekdigi
nygtalýar. Mundan başga-da, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn
üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak, ulgamyň sanly hyzmatlarynyň gerimini
giňeltmek boýunça işler alnyp barlar.
Umuman, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny
2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» görnüşi ýaly, ýurdumyzy
ösdürmegiň türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän strategiýasy ähli ulgamlara
innowasiýalary hem-de döwrebap çemeleşmeleri ornaşdyrmak bilen
häsiýetlendirilýär. Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bu ulgamda
möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge, zähmet bazaryny ösdürmäge, ilatyň durmuş
taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder
(TDH) TÜRKMENISTAN gazeti 244
(31513).
2025-nji ýylyň 17-nji sentýabry.