Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 22-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web saýtynda habar berilýär.
Çykyşlarda bellenilip geçilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» kitabynyň azerbaýjan dilinde neşir edilmegi däp bolan türkmen-azerbaýjan dostlukly gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda pugtalanyp, ösdürilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň taryhy maglumatlara esaslanyp ýazylan bu eserinde türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň, onuň dünýä medeniýetine goşan uly goşandynyň, beýik şahsyýetleriň galdyryp giden ruhy mirasynyň giňden açylyp görkezilýändigi aýratyn bellenildi. Kitabyň gadymy oguz edebiýatyny öwrenmekde gymmatly ylmy çeşme bolup durýandygy hem nygtaldy.
Çärä gatnaşyjylar «Hakyda göwheri» kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň türkmen halkynyň baý taryhyny wagyz etmekde, medeni dialogy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna hem-de azerbaýjan okyjylarynyň Türkmenistanyň taryhy we ruhy mirasy bilen has çuňňur tanyşmagyna mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdiler.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti