DURNUKLY ÖSÜŞIŇ MÖHÜM UGURLARY

DURNUKLY ÖSÜŞIŇ MÖHÜM UGURLARY

 

Golaýda, has takygy, 3-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň birinji çärýeginde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygy bellenildi. Hasabat döwründe maksatnamalaýyn esasda pudaklaryň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginiň makroykdysady görkezijiniň durnukly saklanylmagyna ýardam berendigi nygtalmaga mynasypdyr.

 

Häzirki döwürde durnukly ykdysady ösüşi gazanmak döwlet syýasatynyň baş ugry bolmagynda galýar. Durnukly ösüş boýunça ileri tutulýan ugurlar we wajyp meseleler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda ykdysady ugra uly ähmiýet berilmegi onuň ösüşiň maddy binýady bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler ykdysady netijeliligiň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Ykdysady ösüşde, köplenç, duş gelinýän töwekgelçilikleriň derejesini peseltmekde özünde uly mümkinçilikleri jemleýän köpugurly ösüş milli ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklara baglylyk derejesini peseldýär. Şeýle-de diwersifikasiýa syýasaty entek ulanylmadyk içki mümkinçilikleri ösüşiň çeşmesine öwürmegiň ygtybarly ýoly bolup durýar.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ilkinji üç aýynda ösüş depgini gurluşykda 6 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, oba hojalygynda 2,4 göterime deň boldy. Bu statistiki maglumatlar, öz gezeginde, ýurdumyzda ösüşiň strategik ugurlarynyň dogry kesgitlenendigine, häzirki döwürde durmuşa geçirilýän birnäçe döwlet we pudaklaýyn maksatnamalaryň durmuş-ykdysady netijeliliginiň ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Şol bir wagtda ykdysady ösüşiň bu makroykdysady görkezijileri milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy netijesinde önümçiligiň ähli görnüşleriniň taýýar önümi çykarmaga ukybynyň artandygyny, bazar hyzmatlarynyň köptaraplaýyn ýola goýlandygyny, şeýle-de innowasion ösüşleriň düýbüniň tutulýandygyny aýdyň görkezýär.

Pudaklaryň öndürijilik kuwwatyny artdyrmakda maýa goýumlara möhüm orun degişlidir. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,3 göterim ýokarlandy. Bu görkeziji önümçilik maksatly desgalardyr durmuş ähmiýetli binalaryň birnäçesiniň gurlup ulanylmaga berilýändiginden, birnäçesiniň bolsa gurluşygynyň dowam etdirilýändiginden habar berýär.

Döwletimiziň ykdysady strategiýasynda senagatlaşdyrmak syýasatynyň netijeli alnyp barylmagyna ünsüň güýçlenmegi ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdaky uly mümkinçilikler bilen baglanyşyklydyr. Senagatlaşdyrmak syýasaty ösüş ýoluny çig mal ugrundan häzirki zaman ýokary tehnologiýaly senagata daýanýan innowasion ugra gönükdirmäge giň mümkinçilikleri döredýändigi bilen ähmiýetlidir. Hut şu wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzda häzirki zaman senagat önümçilik ulgamlarynyň emele gelmegine, gaýtadan işleýän iri kärhanalaryň döredilmegine uly ähmiýet berilýär. Senagat pudagynyň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi goşulan gymmaty ýokary bolan hem-de ýokary hili bilen tapawutlanýan harytlaryň öndürilmegine ýardam berýär. Öndürilýän önümiň ýokary hilliligi bolsa, öz gezeginde, ýurdumyzyň daşarky bazarlarda tutýan ornunyň ygtybarlylygyny kepillendirýär. Şu ýylyň ýanwar - mart aýlarynda senagat pudagynda 2,4 göterim ösüşiň gazanylmagy bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginde güwä geçýär.

Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak çygrynda bellenen maksatlara ýetmek üçin, importy çalyşýan we eksporta gönükdirilen syýasaty has-da işjeňleşdirmek meseleleri hem bazar ykdysadyýeti şertlerinde wajypdyr. Eksport mümkinçiliklerimiziň artmagy, ahyrky netijede, importyň ornuny çalyşýan we eksporta gönükdirilen täze önümçilikleri döretmek üçin zerur maddy binýat bolup durýar, şeýle-de goşulan gymmaty döretmäge ukyply bolan önümçilikleriň sanynyň artmagyna ýardam berýär.

2026-njy ýylyň ýanwar - mart aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda ulgamynda 8,3 göterim ösüş gazanyldy. Bu ýerli öndürijiler tarapyndan bäsdeşlige ukyply önümleriň köp öndürilendigini aňladýar. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygynyň 10,4 göterime deň bolmagy içerki bazaryň barha artýan isleglerini kanagatlandyrmakda uly sepgitlere ýetilendigini görkezýär. Şu döwürde daşary söwda dolanyşygynyň 3,7 göterim ýokarlanmagy bolsa milli ykdysadyýetimiziň dünýä hojalygy bilen baglanyşygynyň derejesini görkezýär.

Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşi jemi içerki önümde hyzmatlar ulgamynyň paýynyň artmagy bilen häsiýetlendirilýär. Bu ýagdaýa däp bolan hyzmatlar bilen bir hatarda bilimleri we innowasiýalary özünde jemleýän maglumat tehnologiýalary bilen bagly hyzmatlaryň ösmegi-de uly täsirini ýetirýär. Beýle hyzmatlar ýurtlaryň hil taýdan tapawutlanýan ykdysady ösüşine ýardam berýän ugur bolup durýar. Bular jemi içerki önümiň düzüminde hyzmatlar ulgamynyň paýynyň ýokarlanmagyna, iş bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagyna, hyzmatlaryň halkara söwdasynyň hem ösmegine itergi berýär. Häzirki döwürde hyzmatlaryň bilim, saglygy goraýyş, dolandyryş, maliýe amallary, ätiýaçlandyryş, telekommunikasiýalar, maglumat hyzmatlary we sanly hyzmatlar ýaly görnüşlerine islegler artýar. Bu ösüş meýli ylmyň depginli ösüşi, ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy bilen şertlendirilendir. Bu ulgamyň geljekde giňeldilmegi we jemi içerki önümde onuň paýynyň artdyrylmagy üçin mümkinçilikler uludyr. Bu ösüş meýliniň hyzmatlar bazarynyň ýokary ösüşini kesgitlemegi kärhanalardan çeýeligi we maýa goýum serişdeleriniň aýlanyşygynyň tizliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edýär.

Mejlisde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda hyzmatlar ulgamynda 8,3 göterim ösüşiň gazanylandygy bellenildi. Hyzmatlar ulgamynyň jemgyýetiň ykdysadyýetine we durmuş ulgamyna edýän täsiri onuň ýerine ýetirýän möhüm wezipeleri bilen baglydyr. Mälim bolşy ýaly, bazar gatnaşyklarynyň giň gerimde ösdürilmegi eýeçiligiň dürli görnüşleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Munuň netijesinde emläk eýeleriniň giň gatlagynyň kemala gelmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bolup geçýän özgertmelere tiz uýgunlaşmak ukyby ýokary bolan hem-de bazaryň isleglerini gysga wagtda kanagatlandyrmakda özüniň çeýeligi bilen tapawutlanýan hususyýetçiligiň uly depginde ösdürilmegi milli ykdysadyýetimiziň öndürijilik kuwwatynyň artmagyna itergi berýär. Jemi içerki önümiň artmagy ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam edýär, öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň görnüşleriniň giňelmegi hem-de möçberleriniň artmagy ykdysady netijelilikden habar berýär. Bu ulgamy ösdürmegiň durmuş netijeliligi işgärleriň girdejileriniň ýokarlanmagynda, iş bilen üpjünçiligiň, şeýle-de ilatyň boş wagtynyň artmagynda öz aýdyň beýanyny tapýar.

Hyzmatlar bazarynyň paýynyň artmagy, ilkinji nobatda, ýokary hünärli işgärleriň sanynyň köpelmegi bilen baglanyşyklydyr. Sarp edişiň ösmegi, ýokary düşewintlilik, özüni tiz ödemek we hyzmatlaryň bir düzümi hökmünde jemgyýetçilik iýmitiniň maýa goýumlary özüne çekijiligi ilata hyzmat etmek çygrynda hyzmatlar bazaryny giňeltmegiň ygtybarly guraly bolup durýar. Maddy eşretler öndürilmeýän hem bolsa, maddy önümçilik üçin esas goýujy şertleri döretmegi hyzmatlar ulgamyny özüne çekiji edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüş üpjün edilýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy dabaraly belleniljek bu ýylda milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde gazanylýan oňyn netijeler ildeşlerimiziň ýaşaýyş şertleriniň mundan beýläk-de gowulanmagyna, durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.


Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak 
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, № 64  (31698) 07.04.2026ý

 


Yza

Şeýle hem okaň