BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ YKDYSADY BINÝADY

Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň yzysüre


BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ YKDYSADY BINÝADY

 

Şu ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp  geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,  jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygy bellenildi.          1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalandygy baradaky hoş habar bolsa ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilýändigini ýene bir gezek tassyklad. Munuň özi önüm öndürijileri goldamak we eksporty höweslendirmek boýunça döwlet tarapyndan  milli strategiýanyň dogry kesgitlenilendiginiň nobatdaky güwäsidir.   

 

          Ykdysadyýet çylşyrymly ulgamlaryň biri bolup, onuň dürli düzümleriniň arasynda sazlaşygyň üpjün edilen ýagdaýynda ýokary netijeleri gazanyp bolýar. Munuň şeýledigini “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” atly şygar bilen geçýän şu ýylyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan oňyn netijeler aňryýany bilen görkezýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini senagat pudagynda 2,7 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, söwdada 8,5 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.      

Ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmak islendik döwletiň möhüm strategik wezipeleriniň hatarynda kesgitlenip, oňa görä, halklary ýakynlaşdyrýan we döwletleri dostlaşdyrýan ulag ulgamynyň ösdürilmegine wajyp mesele hökmünde garalýar.  Şunda ulag ulgamynyň ähli görnüşleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýurdumyz üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan täze gatnaw ugurlarynyň ösdürilmegine, ulag infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda amala aşyrylýan ulag toplumynyň ösüşiniň esasy aýratynlygy ýurdumyz üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan halkara taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterim  ösüşiň gazanylmagy bu günki gün öz amatly geografik ýerleşişini ýokary derejede ulanmak bilen, Türkmenistan daşalýan ýükleriň möçberini yzygiderli artdyrýandygyna, ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik  ukybynyň ýokarlandygyna şaýatlyk edýär.  

Maýa goýumlar durmuş-ykdysady we maliýe durnuklylygyň binýatlaýyn şertleriniň biri bolmak bilen, ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün edýän pudaklarynyň durnukly ösüşine ýardam berýär. Munuň üçin döwlet tarapyndan alnyp barylýan maýa goýum syýasatynyň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün edýän uzak möhletleýin maksatlardan we wezipelerden ugur almagy möhüm şertleriň biridir. Onda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň artmagyna mümkinçilik berýän diwersifikasiýa, senagatlaşdyrmak, sanlylaşdyrmak syýasatyna giň orun berlen ýagdaýynda netijeli bolýar. Ýurtda maýa goýum işjeňliginiň artdyrylmagy, ilkinji nobatda, ykdysadyýeti ösüşiň täze hil derejesine çykarmaga mümkinçilik berýän ugurlaryň biridir. Has takygy, maýa goýumlar önümçiligiň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, oňa sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna itergi berýär. Munuň netijesinde, ýurtda işe girizilýän önümçilik kuwwatlyklarynyň sany näçe köp boldugyça, importy çalyşýan, eksporta gönükdirilen, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişi şonça-da artýar. Şol bir wagtda täze iş orunlarynyň döredilmegi netijesinde, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň ýokarlanmagyny ýurtda amala aşyrylýan işjeň häsiýetli maýa goýum syýasatynyň oňyn netijeleriniň ýene-de biri hökmünde häsiýetlendirmek bolar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan maýa goýum syýasaty energetika pudagynyň, agrosenagatyň, şeýle-de sanly ykdysadyýetiň uly depginde ösmegine ýardam berýär. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda maýa goýumlaryň düzüminde eýeçiligiň görnüşleri boýunça bolup geçýän özgerişlikler ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýagny maýa goýum syýasaty milli ykdysadyýetiň diňe bir döwlete degişli böleginde däl, eýsem, döwlete dahylsyz böleginde hem, şeýle-de daşary ýurt maýadarlar üçin hem amatlyklary döretmek zerurlygyndan ugur alýar. Milli ykdysadyýetimiziň düzümleýin özgerdilmegini üpjün etmekde hem geljekki ösüşlere niýetlenen bu serişdeleriň ähmiýeti uludyr.  Ýurdumyzda maýa goýumlaryň ýene bir uly möçberi daşary ýurt tehnikalaryny, tehnologiýalaryny satyn almaga gönükdirilýär. Innowasiýalara daýanýan ykdysadyýetiň kemala gelýän şertlerinde enjamlaryň, tehnologiýalaryň importy dünýä derejesinde aýry-aýry ýurtlaryň bu ugurdaky ösüşiniň başlangyç tapgyrynda kabul edilen kadadyr. Ýurtda öndürilýän innowasion önümleriň möçberini tapgyrma-tapgyr artdyrmak üçin bu ugra maýa goýumlaryň gönükdirilmegi zerurdyr. Dünýäde ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilmegi, onuň tölege ukyplylygy, şeýle-de milli ykdysadyýetimiziň döwlet kadalaşdyrylyşy bu wezipleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ilkinji alty aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň 4,3 göterim ýokarlanmagy ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşiniň durnukly saklanmagyny şertlendirýän sebäpleriň biri bolup, ol milli ykdysadyýetiň  ösüşini çaltlandyrýan ygtybarly ýoldugyny tassyklaýar. Hususan-da, daşary ýurt maýa goýumlarynyň döwlete degişli däl pudagyň ösüşine edýän täsiri örän uludyr. Ol, bir tarapdan, telekeçiler tarapyndan öndürilýän harytlaryňdyr ýola goýlan hyzmatlaryň täze görnüşleriniň ýüze çykmagyna mümkinçilik döredýän bolsa, beýleki tarapdan, tehniki we tehnologik kuwwatyň artmagyna ýardam berýär.

Hökümetiň giňişleýin  mejlisinde Watan harmanyna bugdaýyň boý hasylynyň tabşyrylandygy baradaky habar hemmelerde buýsanç duýgusyny döretdi. Dünýäde we ýurdumyzda häzirki kemala gelen täze şertlerde oba hojalyk pudagyny ösdürmek wajyp makroykdysady mesele bolmak bilen bir hatarda, ol syýasy we jemgyýetçilik durmuşymyzyň esaslaryny hem öz içine alýar. Oba hojalyk pudagyny döwrebap derejede kämilleşdirmegiň zerurlygy onuň çözýän meseleleriniň wajyplygy bilen düşündirilýär. Bu pudakda öndürilýän azyk önümleri diňe bir makroykdysady görkeziji bolan jemi içerki önümiň artmagyna ýardam bermän, eýsem, azyk garaşsyzlygymyzy hem üpjün edýär. Çünki azyk önümleri ýurduň içinde, ýagny hususy önümçiligiň hasabyna näçe köp öndürildigiçe, şonça-da ýurduň azyk babatynda beýleki döwletlere garaşlylygynyň derejesiniň pes bolýandygy hemmelere mälimdir. Bu ýagdaý, öz gezeginde, azyk garaşsyzlygynyň islendik döwletiň syýasy garaşsyzlygynyň baş şerti bolup durýandygyny, şol bir wagtda hem azyk önümleri bilen üpjünçilik derejesiniň durnuklylygynyň ýurduň azyk howpsuzlygynyň pugtalanmagyna ýardam berýändigini görkezýär.

Häzirki döwürde raýatlaryň daýhançylyk işi bilen has höwesli meşgullanmagyna itergi berýän dürli ykdysady mehanizmleri, höweslendiriş çärelerini göz öňünde tutýan obasenagat toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan düýpli özgertmeler oba hojalyk pudagyny düşewüntli ugra öwürmek boýunça döwlet tarapyndan amatly şertleriň döredilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şunda esasy maksat netijeli işleýän obasenagat toplumyny döwrebap ösdürmegiň hasabyna ýurdumyzyň import garaşlylygynyň derejesini azaltmakdan, azyk önümleriniň içerki önümçiligini höweslendirmekden ybarat bolup, bu işe hususy önüm öndürijileri giňden çekmek şu günüň möhüm wezipesidir.  

Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ykdysady we hukuk çäreleriň ulgamy hökmünde ýerli önümçiligiň hasabyna, şeýle-de oba ilatynyň ýaşaýyşy we hojalyk işi üçin amatly şertleri döretmek arkaly ony amala aşyrmak ugrunda häzirki döwürde uly işler alnyp barylýar. Daýhançylyk bilen meşgullanýan raýatlarymyza   döwlet tarapyndan dürli ugurda berilýän goldaw işleriň netijeli guralmagyna ýardam  berýär.

Köp derejede oba hojalyk önümçiliginiň howa şertlerine baglylygy, ýagny önümleriň we girdejileriň möwsümleýin häsiýeti oba hojalygyna hyzmat etmek üçin ýeňillikli maliýe-karz ulgamynyň döredilmegini talap edýär. Häzirki döwürde  onüm öndürijilere oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de suw tygşytlaýjy tehnikalarydyr enjamlary satyn almak üçin, satyn alynýan serişdeleriň doly bahasynyň 70 göterimine çenli möçberde hem-de galan bölegi üçin bolsa, aljak girdejilerini girew goýmak arkaly bank karzlaryny bermek, şeýle-de önüm öndürijilere, daýhan birleşiklerine we oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskawatorlary hem-de buldozerleri satyn almak üçin ýyllyk 1 (bir) göterim bilen, olaryň ulanyş möhletinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhlete her ýyl deň paýlarda gaýtarmak şertinde ýeňillikli bank karzlaryň berilmegi önüm öndürijiler üçin amatly şertleriň döredilendiginiň aýdyň güwäsidir.  

Häzirki döwürde önüm öndürijilere meýilnamany doly ýerine ýetirmek şertinde berilýän ýer bölekleriniň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyly, galan ýer böleginde bolsa ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin döwlet tabşyrygyna girmeýän oba hojalyk ekinleriniň hasyly ýetişdirilýär. Mundan başga-da şertnamalaýyn borçnamadan artyk öndürilen önümleri önüm öndürijileriň öz ygtyýarynda galdyrmak ýa-da döwlet satyn alyş nyrhlaryndan döwlete tabşyrmak mümkinçiliginiň döredilmegi hem daýhanlaryň bu işe höwesleriniň artmagyny şertlendirýär.

Strategik ähmiýetli önümleri döwletiň satyn almagy ol ýa-da beýleki bazara gatnaşyjylara goldaw bermegiň ýene-de bir netijeli çäreleriň biri bolup, ol importy çalyşýan strategiýany goldamaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, döwletiň önümleri satyn almagy höweslendiriji häsiýetli mehanizm bolup çykyş edýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda oba hojalyk pudagynda 2 göterim ösüşiň gazanylmagy  ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw bermegiň gurallarynyň dogry kesgitlenendiginden habar berýär.

Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan oňyn netijeler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň saklanylýandygynyň aýdyň güwäsi bolup, ol geljekki ösüşlerimiň mizemez binýadyny emele getirýär.

 

 

 

 

 

 

Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak 
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, № 172  (31786) 14.07.2026ý


Yza

Şeýle hem okaň