YKDYSADY ÖSÜŞ – ÝOKARY DEREJELI DURMUŞ

  Özgertmeler ykdysady ösüşiň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Şol sebäpli islendik özgertmedir üýtgeşme ykdysady ösüşi kepillendirmegiň möhüm şertleriniň biridir. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler we ösüş maksatnamalary ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleriniň gazanylmagyna, ýurdumyzda durnukly ösüşiň saklanylmagyna ýardam berýär. 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň  nobatdaky mejlisinde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýanwar - iýul aýlarynda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterim ýokarlanandygy barada habar berildi. Ykdysady ösüşde gazanylýan şeýle oňyn netijeler Türkmenstanyň dünýäniň durnukly ösýän ýurt hökmündäki tutýan ornuny has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär.

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň ýedi aýynda jemi öndürilen önümiň 10,4 göterime deň bolmagy pudaklaryň arasyndaky sazlaşykly ösüşiň aýdyň subutnamasy bolup, bu makroykdysady görkezijiniň ýokary derejesini üpjün etmekde ulag we aragatnaşyk pudagyna möhüm orun degişlidir.

Ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda bu pudagyň ösüşine uly ähmiýet berilmegi onuň ýerine ýetirýän wajyp wezipesi bilen baglanyşyklydyr. Bir tarapdan,  bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen diwersifikasiýa syýasatynyň durmuşa geçirilmegi bu pudagy çalt depginde ösdürmäge ýardam edýär.  Beýleki tarapdan, Türkmenistanyň  Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi,  söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýe bolmagy ýük dolanyşygynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň möçberiniň artmagyna getirdi. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurt maýadarlarynyň serişdelerini Türkmenistana çekmek üçin döredilýän amatly hukuk şertleri halkara ulag taslamalaryny amala aşyrmak üçin, ýurdumyzy özüne çekiji edýän sebäpleriň  biridir. Häzirki zaman halkara şertlerinde ulag we logistika diňe bir söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine ýardam bermän, eýsem, tutuş halkara ykdysady ulgamyň durnuklylygynyň hem-de ygtybarlylygynyň hem möhüm sütüni bolup durýar. Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ulag we aragatnaşyk ulgamynda 10,3 göterim ösüş gazanylmagy bu pudagyň ýokary depgininden habar berýär.  Häzirki döwürde amala aşyrylýan ulaglaryň köpugurly ösüş strategiýasy ýurdumyzda öndürilen ýa-da beýleki ýurtlarda öndürilip, üstaşyr geçirilýän eksport önümleri ýewropaly we aziýaly sarp edijilere  ýetirmäge şert döredýär.

Milli ýa-da halkara derejede islendik strategiýany üstünlikli amala aşyrmak üçin iri maýa goýum serişdeleriniň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň düzüminde maýa goýumlaryň paýynyň ep-esli artmagy onuň işjeň häsiýete eýedigini görkezýär. Şol bir wagtda olaryň düzüminde eýeçiligiň görnüşleri boýunça bolup geçýän özgerişlikler ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Milli ykdysadyýetimiziň düzümleýin ösüşini mundan beýläk-de üpjün etmekde bu serişdeleriň ähmiýeti örän uludyr.  Häzirki döwürde ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, döwlet serişdeleri bilen bir hatarda, döwlete degişli däl eýeçiligiň we daşary ýurt maliýe serişdelerini çekmek kanunalaýyk ýagdaýdyr. Ýanwar - iýul aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,7 göterim artmagy  maliýe serişdeleriniň ykdysady ösüşi çaltlandyrmagyň ygtybarly ýoly bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.  Bu görkeziji hasabat döwründe ýurdumyzda köp sanly mekdeplerdir çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik desgalarynyň gurulýandygynyň we durkunyň täzelenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýanwar - iýul aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygynyň, 2025-nji ýylyň ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,1 göterim ýokarlanmagy içerki  sarp ediş bazarynda ilatyň barha artýan islegleriniň kanagatlandyrylýandygyny alamatlandyrýar, şeýle-de ol girdejileriň yzygiderli artmagy netijesinde ildeşlerimiziň tölege ukyplylyk derejesiniň artýandygyny görkezýär.  Şu döwürde daşary söwda dolanyşygynyň 9 göterim artmagy ýurdumyzyň halkara söwda giňişliginde eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygyny tassyklaýar. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan daşary söwda strategiýasynyň oňyn netijeleriniň biridir.  

Mälim bolşy ýaly, halkara söwdanyň ösmegi we döwletleriň ykdysady ösüş strategiýalarynyň işlenip taýýarlanylmagy uzak möhletleýin ösüşi höweslendirýän şert hökmünde eksportyň köpugurly ilerlemegine itergi berýär. Eksportyň diwersifikasiýasy harytlaryň eksportyna bolan garaşlylygy azaltmak we täze bazarlara aralaşmagy ýokarlandyrmak üçin ulanylýar. Ol söwdanyň kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine-de ýardam berýär. Onuň halkara bazarlara çykmaga we daşary ýurtlarda döwletiň ornuny giňeltmäge itergi bermegi durnukly eksport ösüşiniň içki güýji hökmünde garalmagyna esas döredýär. Munuň esasy sebäbi,  onuň diňe bir ýerlenilýän harytlaryň geografiýasyny giňeltmegi öz içine alman, eýsem, anyk harytlary öndürmäge we hyzmatlary ýerine ýetirmäge ýöriteleşmegiň çuňlaşmagyny hem şertlendirýändiginden ybaratdyr. Bu ýurtlara we kompaniýalara  bäsdeşlik artykmaçlyklaryny has netijeli ulanmaga mümkinçilik berýär.  Eksporty diwersifikasiýalaşdyrmak islegi ýurtlary we sebitleri täze önümçilik mümkinçiliklerini, ýagny bilimleri, tehnologiýalary, infrastrukturany, eýeçilik hukuklarynyň berk goraglylygyny, netijeli logistikany özleşdirmäge itergi berýär. Bularyň hasabyna  çylşyrymly tehnologik amallaryň ýerine ýetirilmegi netijesinde täze, innowasion taýdan has ösen bazarlara çykmak mümkin bolýar. Şunda innowasion iş höweslendirilýär we bäsdeşlik artykmaçlyklary kemala gelýär. Ýurdumyzda eksportyň diwersifikasiýasy innowasiýalar we tehnologik ösüş bilen içgin baglylykda ösýär. Sebäbi hut şu şertler dünýä bazarynda hyrydary köp bolan täze harytlary we hyzmatlary döretmäge mümkinçilik berýär.   Şeýlelikde, bu gün eksportyň diwersifikasiýasy diňe bir geografik ýaýrawyň giňeldilmegini öz içine alman, eýsem, innowasiýalardan we tehnologik ösüşden hem ybaratdyr.

Türkmenistanda eksportyň diwersifikasiýasynyň üstünlikli bolmagy üçin gaýtadan işlenen harytlaryň we hyzmatlaryň eksportyny goldamaga, infrastrukturany, bilimi we ylymy ösdürmäge,  şeýle-de maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn syýasat üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurlarda özgertmeleriň durmuşa geçirilmägi çig mal eksportyna bolan garaşlylygyň derejesini peseltmäge we durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam berýär.

Milli ykdysadyýetimizi  köpugurly ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän  işler gurluşyk, dokma, gaýtadan işleýän senagat pudaklarynyň, şol sanda himiýa kärhanalarynyň hem uly depginde ösmegine getirdi. Häzir himiýa senagatyna degişli kärhanalaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak babatda öňde goýlan anyk wezipeler ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmekde, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda wajyp orun eýeleýär. Himiýa senagaty üçin çig mallaryň uly gorlarynyň bolmagy, öndürilýän himiýa önümleriniň  daşary bazarlarda uly islegden peýdalanmagy bu pudagyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak üçin mümkinçilikleriň bardygyna güwä geçýär. Şu ýylyň ýedi aýynyň jemleri boýunça «Türkmenhimiýa» döwlet korserni tarapyndan önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasynyň 135 göterim berjaý edilmegi munuň şeýledigini görkezýär. Täze önümçilik kärhanalarynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bir hatarda, goşmaça iş orunlaryny döretmäge hem mümkinçilik berýär. Ykdysady binýadyň pugtalanmagy durmuş meseleleriniň düýpli çözülmegi üçin şertleri döredýär

Şu ýylyň ýedi aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan oňyn netijeler, amala aşyrylýan giň möçberli işler halkyň bagtyýar durmuşyny mundan beýläk-de gowulandyrmagyň binýady bolup hyzmat edýär.

 

 

 

Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak 
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, № 190 (31804) 4.08.2026ý

 

 


Yza

Şeýle hem okaň