Türkmenistan bilen Özbegistan strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

9-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk strategik hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtadylar.

Söhbetdeşligiň çäklerinde syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň mehanizmlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şeýle hem halkara we sebit meýdançalarynda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar şeýle hem döwletara dialogy has-da çuňlaşdyrmaga gönükdirilen öňde duran bilelikdäki çäreleri guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek we ony täze amaly mazmun bilen baýlaşdyrmak maksady bilen bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardyklaryny bildirdiler.


Yza

Şeýle hem okaň