9-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Lýuk Pýer Dewin bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Lýuk Pýer Dewini täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa Türkmenistandaky diplomatik işini amala aşyrmakda üstünlikler arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşyldy. Taraplar yzygiderli gepleşikleri we konstruktiw hyzmatdaşlygy goldamagyň möhüm ähmiýetini nygtadylar.
Amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we möhüm ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanma aýratyn bellenildi.
Söhbetdeşler konstruktiw özara hereketleri dowam etdirmäge we ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalary amala aşyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.